Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CNN: Russiýa ýadro energiýasy bilen işleýän raketany synamaga taýýarlanýar


Russiýa ýadro energiýasy bilen işleýän “Burewestnik” ganatly raketalarynyň (NATO-nyň kesgitlemesi boýunca “Skyfall”) täze synaglaryna taýýarlanýar.

CNN bu habary "Capella Space" söwda kompaniýasy tarapyndan düşürilen hemra suratlaryna salgylanyp berýär.

Kaliforniýa ştatyndaky Middlebury halkara barlaglar institutynyň hünärmenleriniň sözlerine görä, 16-njy awgustda düşürilen suratlar Orsýetiň Polýar aýlagynyň golaýyndaky uçuş meýdançasynda “ýadro energiýasy bilen işleýän ganatly raketany synagdan geçirmäge taýýarlyk görendigine ynamdar subutnama” bolup durýar.

Bu ýerde Täze ýer (Nowaýa Zemlýa) arhipelagynyň Pankowo obasyndaky synag meýdançasy barada gürrüň edilýär, ozal bu meýdança “Burewestnik” raketalaryny synagdan geçirmek üçin ulanylýardy.

Institutyň işgäri Jeffri Lýuisiň pikiriçe, ýadro eneriýasynyň ulanylmagy raketalara çäksiz uçuş aralygyny we amerikan radarlaryndan hem-de raketa goranyş ulgamlaryndan päsgelçiliksiz geçmek mümkinçiligini berip biler.

Şol bir wagtyň özünde, Lýuisiň aýtmagyna görä, raketa synaglary daşky gurşawa we adam saglygyna howp salýar.

XS
SM
MD
LG