Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak kazyýeti orsýetçi blogçyny ýedi ýyl azatlykdan mahrum etdi


Blogçy Ermek Taýçibekow. 2015-nji ýyl.
Blogçy Ermek Taýçibekow. 2015-nji ýyl.

Gazagystanyň iň uly şäheri Almatydaky kazyýet ruslary goldaýan blogçy Ermek Taýçibekowy milletara agzalalygy öjükdirmekde günäkär tapyp, ýedi ýyl azatlykdan mahrum etdi.

Taýçibekowyň aklawçysy Galym Nurpeýisow we dogany Marlen Taýçibekow Auezow etrap kazyýetiniň bu hökümi 19-njy awgustda çykarandygyny aýtdy.

Taýçibekow sentýabr aýynda tussag edilip, etniki ýigrenji öjükdirmek üçin metbugatdan peýdalanmakda aýyplandy.

Taýçibekow şol wagt doganyna Russiýanyň Segodnya döwlet metbugat topary bilen baglanyşykly websahypa bolan Ukraina.ru bilen eden söhbetdeşligi sebäpli tussag edilendigini aýtdy. Bu neşir esasan rus habarlaryna we daşary ýurtlardaky resmi propagandalara üns berýär.

Taýçibekow geçen ýylyň maý aýynda Ukraina.ru-nyň YouTube kanalynda çap edilen wideoda Russiýa imperiýasynyň gara-sary-ak düşekli baýdagyna garşy gürrüň etdi we Gazagystanyň häkimiýetleriniň “russofob syýasatyny” alyp barýandygyny öňe sürdi.

Taýçibekow Facebookda "öjükdiriji" materiallary ýerleşdirmek we Gazagystanyň Russiýa bilen birleşmek ideýasyny goldamak bilen, etniki ýigrenji öjükdirmekde aýyplanyp, 2015-nji ýylda hem dört ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. Ol iki ýyldan hem az oturyp, 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda türmeden boşadyldy.

XS
SM
MD
LG