Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Konstitusiýa düzedişlerine garşy çykan aktiwist 18 aý türme tussaglygyna höküm edildi


Tilekmat Kudaýbergenow (Kurenow)
Tilekmat Kudaýbergenow (Kurenow)

Gyrgyzystanyň konstitusiýa üýtgetmelerine garşy mart aýynda geçirilen ýörişleri gurnaýjy oppozisiýa aktiwisti, häkimiýeti güýç bilen ele geçirmäge çagyrmakda aýyplanyp, 18 aý azatlykdan mahrum edildi.

Bişkekiň Swerdlow etrap kazyýetiniň 20-nji awgustda çykaran höküminden soň, Tilekmat Kudaýbergenow (Kurenow) özüniň bigünä bolndygyny tekrarlady.

Kudaýbergenow mart aýynyň ortalarynda tussag edilip, soňra öý tussaglygyna geçirildi.

Aktiwist tussag edilmezinden öň onuň öýünde we prezident Sadyr Žaparow tarapyndan teklip edilen kanun düzedişlerine garşy durýan “HANstitusiýa” hereketiniň ofisinde gözleg işleri geçirdi.

Kudaýbergenow 11-nji aprelde geçirilen ähliumumy referendumda tassyklanan düzedişlere garşy Bişkekde, 9-njy martda geçirilen ýörişleri guraýjylaryň biridir.

Tankytçylar prezidentiň ygtyýarlyklaryny ep-esli ýokarlandyran konstitusiýa üýtgetmeleriniň Žaparowa elindäki häkimiýeti has-da berkitmäge kömek edendigini aýdýarlar.

Kudaýbergenow Hytaý serhediniň golaýyndaky Jetim-Too demir magdan ýatagynyň daşary ýurt maýadarlaryna ýeňillikli berilmegine garşy çykýan hereketi esaslandyryjy hökmünde hem giňden tanalýar.

XS
SM
MD
LG