Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

DW: Talyban neşiriň žurnalistiniň garyndaşyny öldürdi


Germaniýa - Deutsche Welle kompaniýasynyň logosy
Germaniýa - Deutsche Welle kompaniýasynyň logosy

"Talyban" Owganystanyň günbatarynda "Doýçe Welle" neşiriniň žurnalistiniň ýakyn garyndaşlarynyň birini öldürdi we beýlekisini agyr ýaralady diýip, media kompaniýasynyň ýolbaşçylary habar berdiler.

Olaryň maglumatyna görä, "Talyban" söweşijileri häzirki wagtda Germaniýada ýaşaýan žurnalisti gözleýärdi. Onuň beýleki garyndaşlary gaçmagy başardylar we häzir gizlenip ýaşaýarlar.

Şeýle-de, "Talyban" Kabulyň töwereginde bu media kompaniýasynyň azyndan üç işgäriniň öýüni döküp, gözleg geçirdi.

Neşiriň baş müdiri Piter Limburg Germaniýanyň hökümetini bu ýagdaý bilen baglylykda aýgytly çäre görmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG