Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus polisiýasy metbugatyň gysylmagyna garşy çykýan žurnalistleri tussag etdi


Žurnalist Wladimir Kapustinski 'daşary ýurt agentleri' kanunyna garşy piket wagtynda. Pskow, 22-nji awgust, 2021.
Žurnalist Wladimir Kapustinski 'daşary ýurt agentleri' kanunyna garşy piket wagtynda. Pskow, 22-nji awgust, 2021.

Rus polisiýasy 21-nji awgustda Moskwada häkimiýetleriň esasy garaşsyz teleýaýlymy “daşary ýurt agenti” diýip atlandyrmak baradaky kararyna garşy çykyş eden birnäçe žurnalisti tussag etdi.

Orsýetiň rugsat berilmedik protest ýygnanyşyklaryny gadagan edýän kanunlaryny bozmazlyk üçin, žurnalistler ýurduň içerki howpsuzlyk gullugy bolan FSB-iň baş edarasynyň öňünde, Moskwanyň Lubýanka meýdançasynda aýry-aýrylykda piket geçirdiler.

Olar "Žurnalistika jenaýat däl" we "Siz hakykatdan gorkýarsyňyz" diýen ýazgyly plakatlary galdyryp duranlaryndan soň tussag edildi.

Bu protestler Orsýetiň Adalat ministrliginiň 20-nji awgustda “Dožd” teleýaýlymyny we onlaýn derňew neşirini bolan "Wajyp wakalar" neşirini "daşary ýurt agentleri" diýlip hasaplanýan guramalaryň sanawyna goşmak kararyna geleninden soň guraldy.

XS
SM
MD
LG