Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet 20,564 täze COVID-19 hadysasyny, 762 adamyň ölendigini habar berdi


Orsýet. Lukman bäbekhanada wirus ýokuşan bäbege seredýär. Wolgograd, 19-njy awgust, 2021

Russiýa 22-nji awgustda 20,564 täze koronawirus näsagynyň ýüze çykarylandygyny habar berdi. Bu ýurtdaky COVID-19 näsaglarynyň umumy sanyny 6,747 087-e ýetirdi.

Moskwada 1666, Sankt-Peterburgda 1481 san täze näsag hasaba alyndy.

Russiýanyň koronawirusa garşy iş topary soňky 24 sagadyň içinde ýene 762 adamyň ölendigini tassyklady. Bu ýurduň wirus boýunça resmi ölüm sanyny 176.044-e ýetirdi.

Hökümetiň statistika gullugy, Rosstat pandemiýa garşy iş toparyndan başga, aýratyn hasap alyp barýar we 2020-nji ýylyň aprelinden şu ýylyň iýun aýyna çenli aralykda COVID-19 bilen baglanyşykly takmynan 315,000 adamyň ölendigini habar berdi.

“Roýtersiň” soňky Rosstat maglumatlaryna esaslanýan hasaplamalaryna görä, Russiýada 2020-nji ýylyň aprelinden şu ýylyň iýun aýyna çenli takmynan 463,000 adamyň ölendigi habar berildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG