Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde COVID-19-a garşy 5 milliarda golaý waksina edildi


Waksinasiýa nokady, Makedoniýa
Waksinasiýa nokady, Makedoniýa

Dünýäde 5 milliard töweregi COVID-19 waksinasy edildi. Dokuz aýyň içinde geçirilen waksinasiýa taryhdaky iň uly sanjym kampaniýasy boldy.

"Biziň dünýä maglumatlarymyz" atly gurama tarapyndan düzülen sanlar 23-nji awgustda 4,93 milliard dozanyň edilendigini we ýakyn günlerde sanyň 5 milliard derejeden aşjakdygyny görkezdi.

Dünýä ilatynyň tas üçden bir bölegine COVID-19 sanjymynyň azyndan bir dozasy berildi we dörtden birine doly waksina edildi.

Ulanylýan sanjymlaryň köpüsi iki dozany talap edýär we käbir ýurtlar sanjymlaryň netijeliliginiň peselmegi we "Delta" görnüşiniň güýçli ýokançlygy baradaky aladalar sebäpli üçünji dozany almagy maslahat berýärler.

Kontinentleriň arasynda we ýurtlaryň girdeji derejelerine baglylykda waksinalaryň elýeterliliginde-de uly tapawutlar bar.

Ýokary we orta girdejili ýurtlar sanjym üpjünçiligini köpeltse-de, pes girdejili ýurtlarda ýaşaýan adamlaryň diňe 1,4% azyndan bir dozany alyp bildi.

Ýagdaý Afrikada has erbet, köp ýurtda waksina derejesi 1%-den pes bolup, käbir ýurtlarda sanjym kampaniýalary asla başlanmady.

Bütindünýä saglyk guramasy pandemiýany ýok etmek üçin pes girdejili ýurtlar üçin waksinalaryň has elýeterli bolmalydygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG