Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden tehnologiýa kompaniýalaryny kiberhowpsuzlyk “talaplaryny ýokarlandyrmaga” çagyrdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

ABŞ-nyň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň birnäçesi kiberhowpsuzlyk ulgamlaryny kämilleşdirmek üçin milliardlarça dollar sermaýa ýatyrmagy göz öňünde tutýarlar. Bu Birleşen Ştatlaryň kompaniýalaryna garşy edilen iri haker hüjümlerinden soň amal edilýär. Şol hüjümleriň arkasynda rus hakerleriniň durandygyna ynanylýar.

Microsoft we Google ýaly tehnologiýa kompaniýalarynyň baş dolandyryjylary Ak Tamda prezident Jo Baýden bilen duşuşanlaryndan soňra, özleriniň kiberhowpsuzlygyna maliýe ýatyrmakçydygyny mälim etdiler.

Baýden talaňçylykly kiber-hüjümlere, şeýle-de rus prezidenti Wladimir Putine kiber jenaýatçylykly toparlaryny jogapkärçilige çekmek boýunça basyş etmek tagallalaryna salgylanyp, “entek edilmeli köp işiň bardygyny” we muny federal hökümetiň ýeke başyna amal edip bilmejekdigini belledi.

Ol tehnologiýa dolandyryjylaryna “kiberhowpsuzlyk talaplaryny artdyrmak boýunça... özlerinde ýeterlik kuwwadyň, mümkinçiligiň we jogapkärçiligiň” bardygyny aýtdy.

Baýdeniň administrasiýasy möhüm infrastruktura nyşanalaryna garşy amal edilýän talaňçylykly kiber-hüjümleriň artmagynyň arasynda, şahsy pudagy kiberhowpsuzlyk goranyşyny berkitmek ugrunda has köp tagalla etmäge çagyrýar.

XS
SM
MD
LG