Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Baýdeniň COVID-19-yň gelip çykyşy boýunça taýýarlamagy tabşyran hasabatynyň öňýany ABŞ-ny tankytlaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Hytaý Birleşen Ştatlary koronawirusyň gelip çykyşyny anyklamak boýunça tagallalaryna syýasy äheň bermekde aýyplady. ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň koronawirusyň gelip çykyşy boýunça taýýarlan hasabatyny ýaýratmagynyň öňüsyrasynda, Pekin hyjuwly goranyşa geçdi.

Hytaýyň daşary işler ministrliginiň ýarag kontroly boýunça bölüminiň baş direktory Fu Kong 25-nji awgustda çykyş edip, “Hytaýy urgy ýassygy” etmek tagallalarynyň Birleşen Ştatlary jogapkärçilikden boşatmaýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol “eger-de Waşington hiç hili esassyz Hytaýy aýyplamagy maksat edinýän bolsa, onda jogap çärelerine taýýar bolmalydygyny” hem duýdurdy.

Prezident Jo Baýden hasabaty taýýarlamak boýunça maýda ABŞ-nyň aňtaw gulluklaryna görkezme berdi. Ol koronawirusyň gelip çykyşy boýunça öňe sürülýän dürli, şol sanda onuň hytaý laboratoriýasyndaky hadysa sebäpli ýaýrap başlandygy baradaky teoriýalary aýdyňlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Ak Tamyň metbugat wekili Jen Psaki Baýdene eýýäm aňtaw hasabatynyň nusgasynyň gowşurylandygyny aýtdy. Ol jemgyýetçilik üçin hasabatyň gizlin bolmadyk görnüşiniň hem taýýarlanandygyny mälim etdi.

Media serişdelerinde ABŞ resmileriniň hasabatyň anyk netijeleri berjekdigine garaşmaýandyklary baradaky bellikleri beýan edildi.

Hytaý wirusyň özüniň laboratoriýasyndan çykandygy boýunça ähtimallyklaryň azdygyny aýdýar. Şol bir wagtda, Pekin hiç hili dellileri hödürlemezden, wirusyň ABŞ-nyň Marylanddaky harby bazasyndan syzyp çykandygyny öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG