Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak harby bazasyndaky partlamalarda bäş adam öldi, 90 adam ýaralandy


Harby desgada bolan partlamalar
Harby desgada bolan partlamalar

Gazagystanyň günortasyndaky harby bazada dörän ýangyn netijesinde bolan partlamalarda bäş adam ölüp, 90 adam ýaralandy we bu ýagdaý ýurduň goranmak ministriniň işinden çekilmeginiň teklip edilmegine getirdi.

26-njy awgustda Žambyl welaýatyndaky harby desgada, inženerçilik partladyjylarynyň saklanylýan ýerinde turan ýangyna nämäniň sebäp bolandygy entek belli däl diýip, goranmak ministri Nurlan Ermekbaýew 27-nji awgustda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

Ol ýangynyň gurnalan bolmagyny ýa-da zyýankeşligi hem aradan aýyrmady.

Ermekbaýew partlamalara sebäp bolan ýangyna garşy göreşýän dört esgeriň we bir ýangyn söndürijiniň wepat bolandygyny, bu ammarda saklanylýan partlaýjy maddalaryň 2019-njy ýylda, şuňa meňzeş waka bolup, dört adam öleninden soň, Arys şäherindäki ammardan getirilendigini aýtdy.

Ermekbaýew Azatlyk radiosynyň Gazak gullugy bilen gürleşende, bu bolan wakadan soň işinden çekilmäge taýýardygyny, ýöne bu barada gutarnykly kararyň ýolbaşçylara degişlidigini aýtdy.

Häkimiýetler ok-däri ammaryndan sebit paýtagty Taraza çenli bir kilometr uzaklykda ýerleşýän üç obadan ýüzlerçe adamy ewakuasiýa etdi we welaýaty Merkezi Aziýanyň iň uly şäheri Almaty bilen birleşdirýän esasy ýoly ýapdy.

Şeýle-de, Almatyny Özbegistanyň paýtagty Daşkent we Termiz şäheri bilen baglanyşdyrýan Merkezi Aziýa demir ýol ulgamy ýapyldy.

XS
SM
MD
LG