Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň garaşsyz metbugaty Putini 'daşary ýurt agenti' ýarlygyny ýatyrmaga çagyrýar


Rus protestçisi
Rus protestçisi

Russiýanyň öňdebaryjy habar serişdeleriniň we web sahypalarynyň birnäçesi birleşip, garaşsyz habar serişdelerini we žurnalistleri barha kän nyşana alýan dawaly kanuna, “daşary ýurt agenti” ýarlygyna garşylyk bildirýärler.

27-nji awgustda internetde çap edilen, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine we beýleki ýokary wezipeli adamlara ýüzlenip ýazylan hatda "Forbes", "Nowaýa Gazeta", "Dožd" we "Meduza" ýaly garaşsyz metbugat toparlary alty sany talap goýýar.

Ol talaplaryň arasynda belli-belli garaşsyz neşirleriň we žurnalistleriň “daşary ýurt agenti” diýen ýarlygynyň aýrylmagy baradaky teklip hem bar.

Bu kanun Russiýanyň daşyndan maliýeleşdirýän habar beriş serişdelerini, jemgyýetçilik guramalaryny we şahsyýetleri nyşana almak üçin döredildi.

20-nji awgustda bolsa garaşsyz habar kanaly bolan “Dožd” teleýaýlymy, derňew habar saýty bolan “Wažniýe Istoriye” hem sanawa goşuldy.

Häzire çenli Orsýetde 43 gurama we şahs daşary ýurt agentleri hökmünde bellendi, olaryň arasynda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy we onuň rus dilindäki birnäçe habar saýty, rus dilinde gepleşik berýän “Häzirki zaman” teleýaýlymy hem bar.

XS
SM
MD
LG