Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus ýolbaşçylygyndaky KHŞG Merkezi Aziýada harby türgenleşik geçirer


Tqjik-owgan serhedi

Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasy Owganystandaky ýagdaý sebäpli Gyrgyzystanda we Täjigistanda harby türgenleşik geçirmekçi bolýandygyny aýtdy.

KHŞG-niň metbugat sekretary Wladimir Zainetdinow 27-nji awgustda Interfaks habar gullugyna 7-9-njy sentýabr aralygynda Gyrgyzystanda geçiriljek "Rubež" türgenleşigine birnäçe müň esgeriň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Zainetdinowyň sözlerine görä, oktýabr aýynda Täjigistan-Owganystan serhediniň golaýynda ýene üç sany harby çäre geçiriler, dördünji harby çäre bolsa noýabr aýynda geçiriler.

KHŞG agzalaryna Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa we Täjigistan girýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG