Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň Aşgabatdaky wekilhanasy, 'häzirki ýagdaý' sebäpli, nazarda tutan çärelerini yza süýşürdi


Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy “häzirki ýagdaý" bilen baglylykda, nazarda tutan çärelerini näbelli bir möhlete çenli yza süýşürdi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” edaranyň 26-njy awgustda öz instagram sahypasynda çap eden maglumatyna salgylanyp habar berýär.

Ozal habar berlişi ýaly, Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi hem 25-nji awgustda "dem alyş keselleriniň öňüni almak" çäreleri bilen baglylykda, raýatlary göni kabul etmegini togtatdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 25-nji awgustda, resmi ýagdaýda 1-nji sentýabra çenli dynç alyşda bolmaly hökümet agzalaryny çagyryp geçiren hökümet maslahatynda yglan edilen kadr çalyşmalary garaşsyz neşirlere ýurtdaky koronowirus hadysalary, saglyk edaralarynyň agyr ýagdaýy barada gowşan maglumatlary gytaklaýyn tassyk etdi diýip, synçylar aýdýar.

Döwlet baştutanyny ýokanç keseliň öňüni almak üçin döredilen adatdan daşary toparyň başlygyny täzeläp, COVID-19-a garşy göreş boýunça giň gerimli çäreleriň görülmegini, şol bir wagtda-da köpçülik çärelerini çäklendirmegi tabşyrdy, emma koronawirus hadysalaryny resmi taýdan tassyk etmekden saklandy.

XS
SM
MD
LG