Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň ýarag ammarynda ölenleriň sany 13-e ýetdi


Žambyldaky harby baza
Žambyldaky harby baza

Gazagystanyň günortasyndaky ýarag ammarynda bolup geçen ýangynda ýüze çykan partlamalarda ölenleriň sany 13-e ýetdi diýip, gazak häkimiýetleri 28-nji awgustda aýtdylar.

Şeýle-de olar üç adamyň henizem tapylmaýandygyny habar berdiler.

Ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi wakanyň bolan ýerinden 13-nji jesediň tapylandygyny, ýöne ol adamlaryň şahsyýetleriniň anyklanmandygyny aýtdy.

"Ýitirim bolan üç adamy gözlemek dowam etdirilýär" diýip, ministrligiň beýannamasynda aýdylýar.

Žambyl welaýatynyň harby desgasyndaky partlamalarda 98 adam ýaralandy, olaryň ýarysyna golaýy adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň işgärleri diýip, Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi aýtdy.

Goranmak ministri Nurlan Ermekbaýew 27-nji awgustda geçirilen metbugat ýygnagynda 26-njy awgustda partlaýjy maddalaryň saklanýan harby desgasynda turan ýangynyň anyk sebäbiniň belli däldigini aýtdy we onuň otlanan bolmagynyň hem ähtimaldygyny belledi.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew twitterde 29-njy awgustyň betbagtçylykda ölen harby işgärler we halas edijiler üçin milli ýas güni boljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG