Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makron YD-nyň howp bolup galýandygyny, Yrakdaky goşunlara arka durjakdygyny aýtdy


Emmanuel Makron sammitde öz ýurdunyň Yrakda berk durjakdygyny wada berdi.
Emmanuel Makron sammitde öz ýurdunyň Yrakda berk durjakdygyny wada berdi.

Owganystandaky ýagdaýlar Bagdatda esasy sebit liderleriniň we Fransiýanyň prezidentiniň geçiren sammitine kölege saldy.

Emmanuel Makron sammitde öz ýurdunyň Yrakda berk durjakdygyny wada berdi.

28-nji awgustdaky sammit Kabulyň howa menziliniň derwezesinde bolan we onlarça owgany, 13 amerikan esgerini öldüren partlamadan iki gün soň geçirildi.

Janyndan geçen bombaçynyň hüjüminiň jogapkärçiligini"Yslam döwleti-Horasan" topary öz üstüne aldy.

Makron “Yslam döwletiniň” (YD) howp bolup galýandygyny aýtdy we "Öz goragymyzy gowşatmaly däldigimizi hemmämiz bilýäris" diýdi.

Ol hatda Birleşen Ştatlar goşunlaryny çykarsa-da, terrorçylyga garşy göreşmek üçin, Fransiýanyň Yraga goşun ibermegini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Makron biraz öň Yragyň premýer-ministri Mustafa al-Kadhemi bilen duşuşyp, Yragy we Fransiýany "terrorçylyga garşy söweşde esasy hyzmatdaşlar" diýip häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG