Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda üçege çykarylan sowadyjy otlandy, adam pidasynyň ýokdugy aýdylýar


"Turkmen.news" neşiriniň suraty

24-nji awgustda paýtagtyň 11-nji etrapçasynda, Hudaýberdýew we Azatlyk köçeleriniň çatrygynda bir köp gatly jaýyň üçeginde turan ýangynyň gara tüssesi köp adamyň ünsüni çekdi diýip, “Turkmen.news” habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, ýangyna ýaşaýyş jaýynyň üçeginde goýlan sowadyjy blogynyň otlanmagy sebäp bolupdyr.

Garaşsyz neşirleriň ozal habar berşi ýaly, türkmen häkimiýetleri ýyllar boýy sowadyjylara garşy göreşip, olaryň jaýlaryň görküni bozmagyna ýol bermezlige çalyşýarlar.

Garaşsyz neşiriň habarynda üçekde oturdylan sowadyjynyň otlanmagy sebäpli tutan ýangyndan ejir çekeniň ýokdugy aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG