Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ ewakuasiýa wagtynda Kabulyň aeroportuna atylan raketalary tutdy


ABŞ-nyň harbylary, Kabulyň aeroporty

ABŞ-nyň goranmak ulgamlary Kabulyň howa menziline atylan birnäçe raketany saklap aldy. Bu ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky goşunlaryň Owganystandan çykmagyny tamamlamak we ekstremistleriň hüjümleriniň howpy astyndaky ýaranlaryny ewakuasiýa etmek üçin tagallalaryň dowam edýän wagtynda ýüze çykdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystandan ähli güýçlerini çykaryp, uruş sebäpli heläkçilige uçran ýurtdaky 20 ýyllyk missiýasyny doly tamamlamak möhletinden bir gün öň, 30-njy awgustda bolan hüjümde ölenler barada hiç hili habar gowuşmady.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 26-njy awgustda Yslam döwleti (YD) bilen baglanyşykly nyşanalara iki sany pilotsyz howa zarbasyny amala aşyrdy, bu topar howa menziliniň daşynda janyndan geçen hüjümçiniň hüjüminde 170-e golaý adamyň, şol sanda 13 amerikan harbysynyň öldürilmeginiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky uçarlar, iki hepde öň "Talyban" paýtagty ele geçireli bäri 117 000-den gowrak daşary ýurtlyny we owganystanlyny Kabulyň howa menzilinden çykardy. Prezident Jo Baýdeniň kesgitlän 31-nji awgustda gutarýan möhleti ýakynlaşanda, ABŞ güýçleri esasan özlerini we amerikan diplomatlaryny howpsuz uçurmaga synanyşýarlar.

Ak Tam Baýdeniň 30-njy awgustda "Hamid Karzai adyndaky halkara howa menzilinde bolan raketa hüjümi" barada gysgaça maglumat alandygyny we bu ýerdäki işleriň "üznüksiz dowam edýändigini" habar berdi.

Prezident "harby ýolbaşçylaryň ýerdäki güýçlerimizi goramak üçin zerur işleri ileri tutmak we tagallalary iki esse artdyrmak baradaky buýrugyny tassyklady" - diýip, metbugat sekretar Jen Psaki aýtdy.

ABŞ-nyň resmisi “Reuters” habar gullugyna aeroporta bäş töweregi raketanyň atylandygyny, ýöne raketadan goranyş ulgamy tarapyndan tutulandygyny aýtdy.

"Talybanyň" administrasiýasynyň agzasy bäş raketanyň hemmesiniň howa menziliniň raketadan goranyş ulgamlary tarapyndan ýok edilendigine ynam baglaýandygyny AFP habar gullugyna aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG