Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: ÝB ABŞ-ny syýahat üçin 'howpsuz sanawdan' aýyrýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ýewropa Bileleşigi, COVID-19 hadysalarynyň köpelmegine we ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli syýasy jedele jogap hökmünde ABŞ-dan gelen syýahatçylara çäklendirmeleri girizmekçi.

Diplomatlaryň aýtmagyna görä, 30-njy awgustda ÝB Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny raýatlary bileleşige goşmaça çäklendirmesiz syýahat edip biljek ýurtlaryň “ygtybarly sanawyndan” aýyrjakdygyny mälim eder.

Sanawdan aýrylyp bilinjek beýleki ýurtlaryň arasynda Kosowa, Ysraýyl, Çernogoriýa, Liwan we Demirgazyk Makedoniýa bar. Brýusseliň görkezmesi maslahat häsiýetli bolar we agza döwletler daşary ýurtlularyň haýsy şertlerde öz ýurduna gelip biljekdigini kesgitlemekde erkin bolarlar.

Ýewropa Bileleşiginiň köp döwleti bu teklipleri ýerine ýetirýän bolsa, beýlekiler sanjymyň doly subutnamasyny görkezmegi ýa-da ýokançlykdan gutulandygyny tassyklamagy talap etmek ýaly öz syýasatlaryny ýöredýärler.

ÝB-niň ýurtlarynyň köpüsi iýun aýynda amerikanlar üçin serhetlerini açdy we pese gaçan syýahatçylyk pudagynyň ösmegine umyt baglady. Tomsuň başyndan bäri koronawirusyň "Delta" görnüşi ABŞ-da kesellänleriň köpelmegine sebäp boldy.

ÝB-niň kararynyň ýene bir sebäbi iki tarap arasyndaky deňlik. ÝB-niň liderleriniň Baýdeniň administrasiýasynyň açylmagy üçin eden basyşlaryna garamazdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýewropalylar üçin ýapyklygyna galdy.

XS
SM
MD
LG