Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň ýarag ammaryndaky partlamada ölenleriň sany 14-e ýetdi


Gazagystanyň Žambyl regionynda ýarag ammarynda bolan partlama

Gazagystanyň günortasyndaky ýarag ammarynda dörän ýangyn zerarly bolan birnäçe partlamada ölenleriň sany ýene artyp, 14 adama ýetdi.
https://www.azattyq.org/a/31433946.html

29-njy awgustda Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi ýangyn we partlamalar sebäpli weýran bolan binanyň galyndylaryndan jesediň tapylandygyny aýtdy. Iki adam dereksiz ýitdi.

Žambyl sebitindäki harby desgada bolan partlamada 98 adam ýaralandy, olaryň ýarysyna golaýy ýangyna garşy göreşen Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň işgärleri.

27-nji awgustda geçirilen metbugat ýygnagynda goranmak ministri Nurlan Ermekbaýew inžener partlaýjy maddalaryň saklanýan harby desgasynda ýangynyň döremegine nämäniň sebäp bolandygyny anyk bilmeýändigini aýtdy. Ermekbaýew otlamak ýa-da sabotaž ýaly sebäpleri aradan aýryp bilmejekdigini sözüniň üstüne goşdy.

29-njy awgustda heläkçilik bolan ýerinde ölen harby işgärleriň we halas edijileriň hatyrasyna milli derejede ýas tutuldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG