Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Luiziana ştatyna abanan Ida tupany Täze Orleany gowşadýar


Ida tupanynyň netijesi, Täze Orlean, ABŞ-nyň Lousiana ştaty, 29-njy awgust, 2021

Ida tupany 29-njy awgustda tutuş Täze Orlean regionynda elektrik toguny kesdi. Luizianada bolup geçen iň güýçli tupanlaryň biri ABŞ-nyň günorta ştatynda weýrançylyk döretdi.

Energetika kompaniýasy Entergy 400000 ilatly şäheriň “elektrik geçirijisine katastrofiki zeper” ýetendigi sebäpli toksuz galýandygyny we elektrik togunyň şäherdäki ýeke-täk generatordan gelýändigini aýtdy.

Milli harasat merkezi (NHC) ýerli wagt bilen agşam sagat 8-e çenli tupanyň ojagynyň Täze Orleanyň günbatarynda bolandygyny aýtdy.

Iň güýçli 4-nji kategoriýa girýän Ida tupanynyň güýji 3-nji kategoriýa çenli gowşady şemalyň güýçji bir sagatda 185 kilometre ýetýär we suw joşmalaryny emele getirýär.

Ida tupany başda her sagatda 240 kilometre çenli güýçli şemal bilen başlandy.

Tupanyň 4-nji kategoriýasy berk jaýlara uly zeper ýetirmäge, üçekleri ýykmaga, agaçlary we elektrik liniýalaryny ýumurmaga ukyply bolýar.

Katastrofiki zyýan barada gyssagly duýduryşlaryň arasynda on müňlerçe adam kenarýaka sebitlerinden ewakuasiýa etmek buýrugynyň netijesinde tupanyň öňýaňy has howpsuz ýere gaçdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG