Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň goranmak ministri harby ammarda bolan partlamadan soň işden çekildi


26-njy awgustda Žambyl sebitindäki ok-däri saklanýan ammarda partlamanyň dörän ýeri.
26-njy awgustda Žambyl sebitindäki ok-däri saklanýan ammarda partlamanyň dörän ýeri.

Gazagystanyň goranmak ministri Nurlan Ermekbaýew geçen hepdede bu Merkezi Aziýa ýurdunyň günortasynda azyndan 15 adamyň ölmegine sebäp bolan birnäçe partlama sebäpli işinden çekildi.

Prezidentiň metbugat sekretary Berik Uali 31-nji awgustda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Ermekbaýewiň işden aýrylandygyny kabul etdi diýip habar berdi.

26-njy awgustda Žambyl sebitindäki ok-däri saklanýan ammarda bolan partlamalarda onlarça adam ýaralandy. Bir adam dereksiz ýitdi. Ýaralananlaryň ýarysyna golaýy ýangyna garşy göreşen Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň işgärleri.

29-njy awgustda heläkçilik bolan ýerinde ölen harby işgärleriň we halas edijileriň hatyrasyna milli derejede ýas tutuldy.

XS
SM
MD
LG