Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran türmedäki 'aýylganç' wideolar sebäpli tutha-tutluk barada habar berdi


Eýranyň Ewin türmesi
Eýranyň Ewin türmesi

Eýranyň sudy Ewin türmesinde tussaglara zulum edilýändigi barada wideolaryň ýaýramagy bilen baglylykda näbelli iki adamyň tussag edilendigini we başga dört adamyň möhletden ir boşadylandygyny aýtdy.

Şu aýyň başynda, haker toparynyň Farda Radiosy we käbir beýleki pars habar beriş serişdeleri bilen paýlaşan wideolarynda türmede garawullaryň tussaglary ýenjýändikleri we bir tussagy ýere süýrändigi görkezilýär.

Kazyýetiň resmi "Mizan" habar gullugy 30-njy awgustda wideolar bilen baglanyşykly “alty adamyň” jogapkärçilige çekilendigini we sorag edilendigini habar berdi. "Bu adamlardan ikisi tussag edildi, galanlary şertli ýagdaýda boşadyldy" diýlip, habarda aýdylýar.

"Wideoýazgylarda görnüp duran käbir düzgün bozmalar eýýäm derňelip, adamlar jezalandyryldy ýa-da işden kowuldy" -diýlip, resmi habarda aýdylýar.

"Amnesty International" guramasy özüni Edalat-e Ali (Alynyň adalaty) diýip atlandyrýan haker topary tarapyndan ýaýradylan jemi 16 wideonyň seljerilendigini aýtdy.

"Wideolarda urulmagyň, jynsy zorlugyň, bilkastlaýyn äsgermezligiň we medisina kömegine mätäçlere zulum edilmeginiň aýylganç wizual subutnamalary äşgär edilýär" we tussaglaryň "hroniki aşa köplükde rehimsiz hem adamkärçiliksiz şertlerde kiçi kamerada saklanmagy bilen bagly aladalary tassyklaýar" diýlip guramanyň maglumatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG