Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Fransiýanyň ministri: 'Talyban' Katar we Türkiýe bilen Kabulyň aeroportuny dolandyrmak barada gepleşik geçirýär


"Talybanyň" söweşijisi Kabulyň awroportunda, 31-nji awgust, 2021

Fransiýanyň daşary işler ministri "Talyban" Katar we Türkiýe bilen Kabulyň halkara howa menziliniň dolandyrylyşyny ara alyp maslahatlaşýandygyny aýtdy we yslamçy toparyň Owganystandan gitmek isleýänleriň täjirçilik uçuşlary arkaly muny amala aşyrmagy üçin desgany çalt üpjün etmelidigini talap etdi.

"Howpsuzlyk Geňeşiniň howa menzilinde howpsuzlygy üpjün etmek baradaky karary ýerine ýetirilmeli" - diýip, Iwes Le Drian ABŞ-nyň goşunlaryny Owganystandan çykaryp, öz taryhyndaky iň uzak söweşini tamamlan güni, 31-nji awgustda Fransuz telewideniýesinde aýtdy.

"Katarlylar we türkler bilen howa menzilini dolandyrmak barada gepleşikler dowam edýär. Howa menziline girmegiň howpsuz bolmagyny biz talap etmelidiris "-diýip Fransiýanyň daşary işler ministri aýtdy.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi 30-njy awgustda "Talybandan" adamlaryň Owganystandan erkin çykmagyna rugsat bermek baradaky borçnama hormat goýmagy talap edýän karary kabul etdi.

Hytaý bilen Russiýanyň saklanmagynda 13 ses bilen kabul edilen kararda geňeşiň "Talybandan" ähli daşary ýurt raýatlarynyň Owganystandan howpsuz we tertipli çykmagy üçin ýol açylmagyna garaşýandygy aýdylýar. Şeýle hem, ynsanperwer kömeginiň eltilmegine ýol bermäge, adam hukuklaryny goramaga we terrorçylyga garşy göreşmäge çagyryş edilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG