Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň başlygy Owganystanda “gumanitar betbagtçylygyň” öňüni almak üçin halkara goldawa çagyrýar


BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterriş
BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterriş

BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterriş Owganystandaky “çuň gumanitar we ykdysady krizise” salgylanyp, ähli ýurtlary owgan halkynyň “ýardama iň mätäç döwründe” olara kömek bermäge çagyrdy.

31-nji awgustda Guterriş owgan halkynyň tas ýarysynyň ynsanperwer ýardama mätäçdigini we uruşdan ejir çeken ýurtda raýatlar üçin esasy hyzmatlaryň tas doly çökmek bilen ýüzbe-ýüz galýandygyny aýtdy.

Guteriş iň soňky ABŞ güýçleri Owganystandan çekilenden soň, “Talybanyň” ýurtda tas doly diýen ýaly gözegçiligi ele geçirmeginiň yz ýany beýanat berdi.

Guterriş “gumanitar betbagtçylygyň” ýakynlaşýandygyny aýdyp, 18 million owganyň diri galmak üçin ýardama mätäçdigini belledi. Ol öňümizdäki ýylda bäş ýaşdan kiçi ähli çagalaryň tas ýarysyndan gowragyna “ýiti iýmit ýetmezçiligi” howpunyň abanýandygyny sözüne goşdy.

“Ýiti gurakçylyk we öňümizdäki agyr gyş şertleriniň arasynda goşmaça azyk, çadyr we medisina üpjünçilikleri ýurda gyssagly iberilmeli” diýip, Guterriş aýtdy.

XS
SM
MD
LG