Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak aktiwisti türme tussaglygyna höküm edildi


Almatyda ýerleşýän Almaty etrap kazyýeti

Gazagystanda gadagan edilen "Köşe" oppozisiýa partiýasynyň hem-de onuň ýarany "Gazagystanyň demokratik saýlawy" (DWK) partiýasynyň tarapdarlaryna garşy dowam edýän basyp ýatyrmalaryň arasynda, gazak kazyýeti “Köşe” partiýasy bilen aragatnaşyk saklany üçin bir aktiwisti iki ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Gazagystanyň iň iri şäheri bolan Almatynyň etrap kazyýeti 31-nji awgustda Ulaşbek Ahmetowyň syýasy we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagyny hem bäş ýyl möhlet bilen gadagan etdi. Ahmetow özüne ýöňkelýän günäni boýun almaýar, onuň adwokaty kazyýetiň kararyna özleriniň şikaýat bildirjekdiklerini mälim etdi.

Ahmetow geçen ýylyň oktýabrynda tussag edildi. Gazagystanyň adam hukuklaryny goraýjy guramalary ony syýasy tussag diýip ykrar etdi.

Soňky ýyllarda bu Merkezi Aziýa ýurdunda aktiwistler “Köşe” we “DWK” partiýalary bilen gatnaşyk üçin, şeýle-de bu iki toparyň gurnaýan ýörişlerine gatnaşandyklary üçin uzak möhletli türme tussaglygyna ýa-da şertli tussaglyga höküm edilýärler.

“DWK” partiýasyna Gazagystanyň “BTA Bankynyň” ozalky gaçgak başlygy we gazak hökümetiniň berk tankytçysy Muhtar Ablýazow ýolbaşçylyk edýär. Gazak häkimiýetleri “DWK-ny” ekstremist hökmünde hasaba aldylar we ony 2018-nji ýylyň martynda gadagan etdiler.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG