Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabat Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleriniň ikitaraplaýyn işjeň gatnaşyk saklaýandygyny aýdýar


Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 31-nji awgustda beýanat çap edip, Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleriniň ikitaraplaýyn işjeň gatnaşyklary saklaýandyklaryny habar berdi.

Beýanata görä, sişenbe güni iki ýurduň bank-maliýe we lukmançylyk edaralarynyň, beýleki ugurdaş hem-de harby düzümleriň wekilleri “Serhetabat-Turgundy” gümrük nokadynda duşuşyk geçiripdir.

Duşuşykda gümrük nokadyndan geçirilýän ýükleriň göwrümini artdyrmak, zerur bolan lukmançylyk enjamlarynyň üpjün edilmegine hemaýat bermek we beýleki meseleler ara alyp maslahatlaşylypdyr.

31-nji awgustda ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler Owganystandan yza çekildi. Awgustyň ortasynda “Talyban” Kabulda gözegçiligi ele geçirdi.

Topar Owganystanda ähli taraplary öz içine alýan wekilçilikli hökümet gurmagy wada berýär. Köp sanly Günbatar ýurtlary “Talybana” ätiýaçly çemeleşip, onuň hökümetini ykrar etmekde howlukmazlyga çagyrýar.

“Talybanyň” gol astynda Owganystanda adam hukuklarynyň, hususan-da aýallaryň hukuklarynyň ýagdaýy demokratik hökümetlerde alada döredýär.

Türkmen resmileri “Talyban” wekilleri bilen soňky hepdelerde birnäçe gezek duşuşyk geçirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG