Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul aeroporty ýapylansoň, owganlar gury ýer serhetlerine toplanýar


Owgan-Pakistan serhediniň Çaman geçelgesine baran owganlar. 30-njy awgust, 2021
Owgan-Pakistan serhediniň Çaman geçelgesine baran owganlar. 30-njy awgust, 2021

ABŞ güýçleri ýurtdan çykarylyp, Günbatar ýurtlarynyň jeňçilere garşy alyp baran 20 ýyllyk söweşinde ýardamçy bolan owganlaryň howa arkaly köpçülikleýin alnyp çykarylmagy bes edilensoň, "Talyban" dolandyryşyndan gaçmak isleýän müňlerçe adam Owganystanyň serhetlerine ýygnandy.

Pakistanyň Torham serhet geçelgesinde bir pakistan resmisi 1-nji sentýabrda Owganystan tarapynda serhediň açylmagyna garaşýan “köp adamyň toplanandygyny” aýtdy.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä, müňlerçe owganly Eýran bilen serhetdäki Yslamgala serhet geçelgesine geldi.

Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary, "Talyban" 20 ýyl ýitiren häkimiýetini gaýtadan ele geçirenden soň, 14-nji awgustdan bäri Kabuldan 123,000-den gowrak adamy ewakuasiýa etdi.

Ýöne howp astyna düşüp biljek on müňlerçe owganly ýurtdan çykyp bilmän galdy.

Angliýa 1-nji sentýabrda özüniň ýurt içinde galan britan raýatlaryny we owganlary "sag-aman" Owganystandan çykarmak üçin "Talyban" bilen gepleşik geçirilýändigini aýtdy.

Premýer-ministr Boris Jonsonyň Owganystandaky geçiş wekili Simon Gass Kataryň paýtagty Doha şäherinde "Talyban" wekilleri bilen duşuşýar diýip, hökümet aýtdy.

Aýdylmagyna görä, Angliýanyň goranmak sekretary kanun çykaryjylara göçürilmek hukugy bolan 250-ä golaý adamyň we olaryň maşgala agzalarynyň uruşdan tozan ýurtda galýandygyny habar berdi.

Doha gepleşiklerinden başga, iňlis hökümeti iňlis diplomatlaryna gürrüňi edilýän adamlaryň Angliýa gelmegine rugsat almak işlerinde kömek bermek üçin Pakistana, Özbegistana we Täjigistana 15 sany "krizise garşy hünärmen" iberýändigini aýtdy.

Iňlis raýatlaryna, terjimeçilere we Angliýa bilen işleşen owganlara we töwekgelçilik astynda galýan beýleki adamlara kömek etjek hünärmenleriň gelýän 48 sagadyň dowamynda gelip ýetişmegine garaşylýar.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň kabul eden kararynda "Talyban" Owganystandan gitmek isleýänler üçin howpsuz çykyş ýoluny üpjün etmäge çagyryldy.

Söweşijiler owganlara gitmäge we ýurda gaýdyp gelmäge rugsat berjekdiklerini aýtdylar, ýöne köp adam yslamçy toparyň päl-niýetlerine şübheli garaýar.

Dünýä "Talybanyň" beren wadalarynda tapylyp, häkimiýetde ilki bolan wagtyndaka garanda has açyk we çydamly bolup-bolmajagyny synlap, bu ýurtdaky agyr gumanitar krizisiň öňüni aljak daşary ýurt kömekleri barada pikirlenýän wagtynda, bu topar öz lideri Molla Hibatullanyň günortadaky Kandagar şäherinde tire we din ýaşululary bilen üç günlük maslahat geçirendigini aýtdy.

Günbatar tarapyndan goldanýan hökümet we owgan goşuny “Talybanyň” hüjümi astynda ýyldyrym çaltlygynda ýykylansoň, müňlerçe owgan "Talybanyň" 1996-njy we 2001-nji ýyllar aralygyndaky rehimsiz dolandyryşynyň gaýtalanmagyndan gorkup, öz öýlerinden gaçdy.

"Talyban" özüni häkimiýetden çetleşdiren daşary ýurt güýçleri bilen işleşen ähli owganlylar üçin amnistiýa yglan etdi, geljekki hökümet barada ylalaşyk gazanmak üçin "ähli toparlar" bilen gepleşik geçirýändigini aýtdy we ilkinji gezek häkimiýet başynda bolan döwründäkä garanda has çydamly we aç-açan dolandyryşy wada berdi.

Emma muňa garamazdan, ýurduň çar künjeginde halkara toparlary ýa-da öňki hökümet bilen işleşen adamlaryň öýme-öý gözlenip, haýdan-haý jezalandyrylyp öldürilýändigi habar berilýär.

ABŞ goşunlary ýurtdan çykandan soň, "Talyban" Owganystanda ýeňiş yglan etdi we söweşijiler 31-nji awgustda Kabul aeroportunyň içine döküldi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden özüniň bu ýurtdan "çykmalymy ýa gyzdyrmaly" diýen meselede birini saýlandygyny we öz kararyna jogap berýändigini aýtdy.

Bu çykyş, Baýdeniň pikiriçe, "beýleki ýurtlary täzeden gurmak üçin uly harby operasiýa geçirmek döwrüni soňlaýar".

Fransiýanyň daşary işler ministri biraz öň "Talybanyň" paýtagtdaky howa menzilini dolandyrmak barada Katar we Türkiýe bilen gepleşik geçirýändigini aýtdy.

31-nji awgust güni agşam, Kabuldan asmana göterilen soňky uçarlaryň biri öz ýurdundan gaçýan 175 owganlyny alyp, Meksikada gondy. Bu demirgazyk Amerikan ýurdunyň ynsanperwerlik esaslarynda kabul eden dördünji owgan topary boldy.

Daşary işler ministrliginiň çap eden beýanatynda iň soňky gelen toparyň arasynda garaşsyz žurnalistleriň we aktiwistleriň, olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle-de 75 çaganyň bardygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG