Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow COVID-19-a salgylanyp, owgan bosgunlaryny kabul etmekden ýüz öwürdi


Owgan bosgunlary
Owgan bosgunlary

Owganystanda “Talybanyň” ýowuzlygyndan we ar almagyndan howatyr edip müňlerçe adamyň ýurdy terk etmäge dyrjaşýan döwri, türkmen prezidenti “häzirki wagtdaky çylşyrymly epidemiologiýa ýagdaýlarynda bosgunlary kabul etmek baradaky çözgüde sagdyn çemeleşmelidigini” aýdyp, görnüşinden bosgunlary öz serhet çäklerine goýbermekden ýüz öwürdi. Ýatlatsak, mundan ozalam türkmen hökümeti jeňçilerden gaçyp türkmen serhedine sygynan owgan harbylaryny, bosgunlary, şol sanda etniki türkmenleri hem öz çäklerine geçirmändi. Galyberse-de, Russiýa hem Merkezi Aziýa döwlelerinde owgan bosgunlarynyň ýerleşdirilmegine garşy çykýar.

29-njy awgustda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, şol sanda Owganystandaky ýagdaýlary hem maslahat etdi.

Şarl Mişeliň bu duşuşyk bilen bagly özüniň Twitter hasabynda ýerleşdiren ýazgysynda: “Gumanitar we adam hukuklary boýunça krizisiň öňüni almak, şeýle-de giň sebit üçin zorlukly ekstremizmiň we neşe gaçakçylygynyň töwekgelçiliklerine garşy göreşmek möhümdir. Merkezi Aziýa döwletlerine ÝB-niň goldawy mälim edildi” diýip, belledi.

TDH-nyň maglumatyna görä, Berdimuhamedow bosgunlar meselesi bilen baglylykda “örän howply koronawirus ýokanjynyň giň möçberde ýaýramak töwekgelçiligine çynlakaý baha bermegiň zerurdygyny” hem aýdypdyr. Ýogsa türkmen häkimiýetleri ýurduň özünde koronawirusyň delta görnüşi sebäpli wirusa ýolugýanlaryň, ondan heläk bolýanlaryň sanynyň günsaýyn artmagy, öz ilatynyň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada açyk çykyş etmeýärler, umuman, pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda COVID-19-yň ýeke ýagdaýyny hem hasaba alman gelýärler.

Ýewropaly ýokary derejeli resmi bilen söhbetdeşligiň dowamynda Berdimuhamedow Türkmenistanyň Owganystan babatyndaky üç garaýyşyny hem mälim etdi, ýagny Türkmenistan:

  • Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edýär;
  • Ykdysady nukdaýnazardan iri düzümleýin taslamalary, hususan-da, TOPH gazgeçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle-de Owganystany Türkmenistan bilen birleşdirýän demir ýollaryň taslamalaryny amala aşyrmak bilen bagly meseleleri has-da ilerletmegiň möhümdigini belleýär;
  • Parahatçylygy ýola goýmak boýunça häzirki işlere ýardam etmek üçin Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömegini bermek meselesini göz öňünde tutýar.

Şeýle-de, Berdimuhamedow Türkmenistanyň özüniň agyr maliýe çökgünligini başdan geçirýän döwri, owgan halkyna zerur ynsanperwerlik goldawyny bermek boýunça anyk çäreleriň görülýändigi hem belledi. Onuň sözlerine görä, Türkmenistan goňşy döwlete, birnäçe ugurlar boýunça, elektrik energiýasyny ibermegini dowam etdirýär.

Mundan başga-da, Berdimuhamedow türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň bökdençsiz işleýändigini, şeýle-de “Talybanyň” wekilleri bilen serhediň goralmagy, gümrük, sanitariýa we barlagyň beýleki görnüşlerini üpjün etmek meseleleri boýunça “yzygiderli gatnaşyklaryň” amala aşyrylýandygyny aýtdy. Maglumat üçin aýtsak, “Talybanyň” paýtagt Kabuly eýelemeginden soň, türkmen diplomatlary jeňçi toparynyň wekilleri bilen hem açyk gepleşikleri geçiripdiler.

Ýewropa Geňeşiniň başlygy bilen söhbetiniň dowamynda Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mazari-Şarif we Hyrat şäherlerindäki konsullyklarynyň işlerini dowam etdirýändikleri barada hem maglumat berdi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we “Talyban” Kabuldaky türkmen ilçihanasynyň daşyndaky partlamanyň puja çykarylandygy baradaky maglumatlary ret etdiler. Mundan öň, hindustantimes.com neşiriniň 28-nji awgustdaky habarynda Kabuldan gelýän ynamdar maglumatlar “Talybanyň” 26-njy awgustda, Kabul howa menzilinde bolan hüjümden soň, Türkmenistanyň ilçihanasynyň golaýynda iki sany pakistanlyny tussag edendigini görkezýär diýip, aýdylypdy.

Emma “Talybanyň” metbugat wekili bu maglumaty ret etdi we Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasyna hiç bir howpyň abanmaýandygyny aýtdy. Zabyhulla Mujahitiň bu sözlerini ýarym-resmi hökümetçi türkmen neşirleri hem öz saýtlarynda çap etdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bolsa, gürrüňi edilýän ilçihanada bu aýdylýan zatlar barada hiç bir maglumatyň ýokdugyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG