Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň daşary işler ministri Kataryň ýolbaşçylary bilen Owganystany maslahat eder


Britaniýanyň daşary işler ministri Dominik Raab

Britaniýanyň daşary işler ministri Dominik Raab Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamad al-Sani we beýleki katar liderleri bilen Owganystandaky ýagdaýlary maslahat etmek üçin 2-nji sentýabrda Doha sapar eder.

“Saparyň gün tertibinde Kabul aeroportynyň işini ýola goýmagyň hem-de ýurduň guryýer serhetleri arkaly daşary ýurt raýatlarynyň we owganlaryň howpsuz geçişini üpjün etmegiň mümkinçilikleri ileri tutulýan ugurlardyr” diýip, Birleşen Şalygyň daşary syýasat edarasy çap eden beýanatynda aýtdy.

Şeýle-de, Raab katarly kärdeşi bilen hem-de Britaniýanyň wagtlaýyn Katara göçürilen Owganystandaky ilçihanasy bilen hem gepleşik geçirer.

Birleşen Ştatlary we onuň ýaranlary 14-ji awgustdan bäri Kabuldan 123 müň daşary ýurt raýatyny we owganystanlyny ewakuasiýa etdi.

2001-nji ýylda ABŞ ýolbaşçylygynda harby güýç bilen häkimiýetden çetledilen “Talyban” ýigrimi ýyl soň, 15-nji awgustda Owganystanda gözegçiligi täzeden ele geçirdi.

Ýöne 20 ýyl dowam eden uruşda jeňçileri häkimiýetden çetletmek üçin Günbatar ýurtlaryna ýardam beren onlarça müň owganly we beýlekiler yzda goýlup gidilmek töwekgelçiligi astynda galýar.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi “Talybany” Owganystany terk etmek isleýän adamlaryň ýurtdan howpsuz çykmagyna rugsat bermäge çagyrdy.

Jeňçiler owganlaryň ýurtdan gitmegine we ýurda gaýdyp gelmegine rugsat berjekdiklerini wada berdiler, ýöne köpler aşa yslamçy toparyň niýetine ätiýaçly çemeleşýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG