Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Germaniýa we Fransiýa Eýrany ýadro gepleşiklerine gaýdyp gelmäge çagyrýar


Eýranyň daşary işler ministri Hossein Amir-Abdollahian

Tähran gepleşik stoluna gaýdyp gelmek üçin ýene “iki-üç aýyň” gerek bolmagynyň mümkindigini aýdandan soňra, Fransiýa we Germaniýa Eýrany dünýä liderleri bilen baglaşylan çalajan ýadro şertnamasyny dikeltmäge niýetlenen gepleşikleri dowam etdirmäge çagyrdy.

“Biz Eýrandan gepleşik stoluna mümkin boldugyndan tiz we konstruktiw ýagdaýda gaýdyp gelmegi tutanýerlilik bilen soraýarys” diýip, Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary 1-nji sentýabrda Berlinde aýtdy. Ol bu mümkinçiligiň näbelli möhlete çenli dowam etmejekdigini sözüne goşdy.

Şol gün Fransiýanyň daşary işler ministri Jean-Yves Le Drian ýaňy-ýakynda wezipä bellenen eýranly kärdeşi Hossein Amir-Abdollahian bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde “gepleşikleri derhal täzeden ýola goýmagyň ähmiýetini” nygtady.

Eýran bu ýadro ylalaşygynyň esasynda sanksiýalaryň gowşadylmagynyň öwezine özüniň jedelli ýadro programmasyny çäklendirmäge razy boldy. Ylalaşyk 2015-nji ýylda güýje girdi ýöne üç ýyl soň Birleşen Ştatlary bu ylalaşykdan çekildi.

Ylalaşygy dikeltmek üçin Wenada azyndan alty gezek geçirilen göni we gytaklaýyn gepleşikler iýun aýynda Eýranda geçirilen prezident saýlawlarynda Ebrahim Raisiniň ýeňiş gazanmagyndan soňra togtadyldy.

Germaniýanyň we Fransiýanyň Eýrany gepleşiklere täzeden gaýdyp gelmäge çagyrmagy Günbatara berk garşy çykýan Amir-Abdollahianyň 31-nji awgustda döwlet telewideniýesinde eden duýduryşynyň yz ýanyna gabat geldi. “Gepleşiklerdäki beýleki tarap täze hökümetiň düzülip, onuň karar kabul edip başlamagy üçin iki-üç aýyň gerekdigini anyk bilýär” diýip, Amir-Abdollahian döwlet telewideniýesinde çykyş etdi.

Awgustda Fransiýa, Germaniýa we Britaniýa Eýranyň 20 göterim arassa baýlaşdyrylan uran metalyny öndürendigi baradaky habarlara çuňňur alada beýan etdi. Baýlaşdyrylan uran baradaky habarlar Tähranyň ýadro ýaragyny öndürmäge synanyşýan bolmagynyň ahmaldygy barada gorky döretdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG