Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rumyniýanyň premýer-ministri koalisiýa hökümetine howp abandyryp, adalat ministrini wezipeden boşatdy


Rumyniýanyň premýer-ministri Florin Situ

Rumyniýanyň premýer-ministri Florin Situ Ýewropa Bileleşigine agza bu ýurduň häkimiýet başyndaky koalisiýa hökümetini krizise çekip, 1-nji sentýabrda gijöýlän adalat ministrini wezipeden boşatdy.

Merkezçi premýer-ministr adalat ministri Stelian Iýony infrastrukturalary döwrebaplaşdyrmaga niýetlenen bahasy 12 million dollarlyk jemgyýetçilik ösüş meýilnamasyna päsgelçilik döretmekde aýyplady. Bu meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi üçin ony adalat ministriniň tassyklamagy zerur.

“Men rumyn hökümetinde Rumyniýanyň döwrebaplaşdyrylmagyna garşy çykýan ministrleri kabul edip biljek däl” diýip, Situ metbugat ýygnagynda aýtdy.

Adalat ministriniň işden boşadylmagy parlamentiň 56 göterimine gözegçilik edýän Situnyň Liberal partiýasynyň, Iýonyň USR-PLUS hem-de etniki wenger toparynyň emele getirýän koalisiýa hökümetine howp abandyrýar.

Iýonyň wezipeden boşadylmagyndan soňra, USR-PLUS premýer-ministre bildirýän goldawyny yza çekdi we täze hökümeti gurmak üçin koalisiýa gepleşiklerini başlamaga çagyrdy.

USR-PLUS eger-de koalisiýa gepleşikleriniň netijesinde täze premýer-ministr tapylmasa, Situnyň hökümetine ynamsyzlyk bildirilmegini özleriniň goldajakdygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG