Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ ilçihanasy Täjigistan-Owganystan-Özbegistan serhedinde taslama yglan etdi


Özbek esgerleri Termeziň golaýyndaky özbek-owgan serhediniň bir barlag nokadynda sakçylyk edýär.
Özbek esgerleri Termeziň golaýyndaky özbek-owgan serhediniň bir barlag nokadynda sakçylyk edýär.

ABŞ-nyň Duşenbedäki ilçihanasy 1-nji sentýabrda Täjigistan-Owganystan-Özbegistan araçäginde serhet desgasyny gurmak meýilnamalaryny yglan etdi. Soňky aýlarda “Talyban” söweşijileriniň Merkezi Aziýanyň post-sowet respublikalary bilen araçäkleşýän owgan sebitlerini ele geçirmegi bilen, serhetýaka sebitlerde dartgynlylyk ýokarlandy.

Ilçihana taslama badalga bermek dabarasyny 2022-nji ýylyň başlarynda geçirmegiň meýilleşdirilendigini aýtdy.

“Täze serhet birikmesi Şahritusdaky öňki desga bilen çalşyrylar, Serhet gullugyna howp abanan badyna serhede goşun ibermäge mümkinçilik döreder” diýip, ilçihananyň beýanatynda aýdylýar.

Desgada näbelli sanda serhetçi we olaryň maşgalalary ýerleşer.

Merkezi Aziýanyň Owganystan bilen serhetleşýän ýurtlary uruşdan ejir çeken ýurtdan abanýan howpsuzlyk howpundan hem-de fundamentalist “Talybanyň” gol astynda ýaşamagy ret edýän onlarça müň owgan bosgunynyň serhetden aşmak mümkinçiliginden alada galýar.

“Birleşen Ştatlary we Täjigistan berk howpsuzlyk hyzmatdaşlygyndan peýdalanýar. Serhet birikmesini gurmak boýunça taslama Täjigistanyň hem-de Merkezi Aziýanyň howpsuzlygy we özygtyýarlylygy barasyndaky umumy ygrarlylygymyza mysaldyr” diýip, ilçihana ABŞ-nyň ilçisi Jon Pommerşeýmiň (John Pommersheim) sözlerini sitirledi.

Ilçihana ABŞ-nyň 2002-nji ýyldan bäri Täjigistana $300 milliondan gowrak howpsuzlyk ýardamyny berendigini aýtdy.

Täjigistanda we Gyrgyzystanda harby bazalary bolan Russiýa Owganystandan abanýan islendik howpa garşy Moskwanyň Merkezi Aziýadaky ýaranlaryny gorajakdygyny wada berdi.

XS
SM
MD
LG