Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň demirgazyk-gündogaryna gelen sil azyndan 41 adamy öldürdi


Suwda galan awtoulaglar
Suwda galan awtoulaglar

Birnäçe gün öň ABŞ-nyň Aýlak kenarlaryndaky Luiziana gelip uran Ida tupanynyň galyndylary ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda birden dörän suw joşmalaryna sebäp bolup, azyndan 41 adamy öldürdi.

Tupan 1-nji sentýabr agşamy we 2-nji sentýabrda irden Meriländden Nýu-Ýorka güýçli ýagyş ýagmagyna sebäp boldy. Sil suwlary awtoulaglary süpürip gidende ýa-da jaýlaryň ýerzeminlerini dolduranda köp adam öldi.

Nýu Jerside azyndan 23 adam, Nýu-Ýork şäherinde bolsa 12 adam öldi. Nýu-Ýorkuň we Nýu-Jersiniň gubernatorlary öz ştatlarynda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi, ýaşaýjylary ýollar arassalanyp, ulag hyzmatlary dikeldilýänçä öýlerinde galmaga çagyrdy.

Ýene birnäçe ştatda turan tupanyň agaçlary ýykyp, ýüzlerçe jaýa zyýan ýetirendigi habar berildi.

XS
SM
MD
LG