Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan Owganystana ýene ynsanperwerlik kömegini iberýär


Türkmenistan goňşy ýurtlara kömek iberýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň 1-nji sentýabrdaky buýrugyna laýyklykda, Owganystana lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli zyýansyzlandyryş erginlerini we saglygy goraýyş serişdelerini, ynsanperwerlik kömegi hökmünde, Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy.

Owganystana iberilýän ynsanperwerlik kömeginiň guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmek Türkmen DIM-ine tabşyryldy.

Bu kömegiň türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerip berilýändigi aýdylýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň awgustynda, öňki hökümet döwründe hem Owganystana lukmançylyk enjamlaryny muzdsuz ibermek baradaky karara gol çekipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG