Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden 11-nji sentýabr hüjümleriniň derňewi bilen bagly dokumentleri açmagy tabşyrdy


Ýanýan binalar

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden hökümet edaralaryna Federal derňew býorosynyň (FDB) 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ABŞ-a edilen hüjüm boýunça geçiren derňewlerine degişli gizlin dokumentleri açmak mümkinçiligine seretmegi tabşyrdy.

Baýden 3-nji sentýabrda Adalat ministrligine we beýleki guramalara maglumatlary açmak we halka ýetirmek görkezmesini berýän tabşyryga gol çekdi diýip, Ak tamyň beýanatynda aýdylýar.

Görkezme baş prokuror Merrik Garlandyň gürrüňi edilýän dokumentleri gelýän alty aýyň içinde çap etmegini nazarda tutýar.

11-nji sentýabrdaky terror hüjüminde pida bolanlaryň maşgala agzalary ozal Federal derňew býurosynyň özlerini ýalňyşdyryp biljekdigini ýa-da birnäçe desga gönükdirilen uçarlary alyp gaçan garakçylaryň Saud Arabystany bilen ilteşigini görkezýän subutnamalary ýok edip biljekdigini aýdypdylar.

Wepat bolanlaryň garyndaşlary Adalat departamentiniň baş inspektoryna ýazan hatlarynda bir ýa-da birnäçe FDB işgäriniň "aýan edilmeginiň öňüni almak üçin, subutnamalary ýok etmek ýa-da gizlemek maksady bilen, bilkastdan bikanun hereket etmek ähtimallygyny" aradan aýyrmadylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG