Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG resmisi Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň dowam etdiriljekdigini söz berdi


BMG-niň baş sekretarynyň gumanitar işler boýunça orunbasary Martin Griffits Kabulda “Talybanyň” syýasy başlygy Molla Abdul Gani Baradar (sagda), şeýle-de beýleki wekilleri bilen gepleşik geçirdi. 5-nji sentýabr, 2021 ý.
BMG-niň baş sekretarynyň gumanitar işler boýunça orunbasary Martin Griffits Kabulda “Talybanyň” syýasy başlygy Molla Abdul Gani Baradar (sagda), şeýle-de beýleki wekilleri bilen gepleşik geçirdi. 5-nji sentýabr, 2021 ý.

BMG-niň gumanitar edarasynyň başlygy 5-nji sentýabrda Kabulda “Talybanyň” ýokary derejeli resmileri bilen gepleşik geçirenden soňra, owgan halkyna ýardamyň dowam etdiriljekdigini söz berdi.

“Talybanyň” metbugat wekili Suhaýil Şahiniň sözlerine görä, BMG-niň baş sekretarynyň gumanitar işler boýunça orunbasary Martin Griffits bu barada “Talybanyň” esaslandyryjylarynyň biri we syýasy başlygy Molla Abdul Gani Baradar, şeýle-de beýleki wekilleri bilen geçiren gepleşiklerinden soň mälim edipdir.

Şahin Twitter hasabynda Griffitsiň “owgan halkyna hemaýaty dowam etdirmegi söz berendigini, şeýle-de ýakynda geçmeli donor döwletleriň maslahatynda Owganystan üçin ýene hemaýaty sorajakdygyny aýdandygyny” belläp ýazgy galdyrdy.

Mundan başga-da, Şahin “Talybanyň” BMG-niň delegasiýasyny “hyzmatdaşlyk we gerekli desgalar bilen üpjün ediljekdigi barada ynandyrandygyny” hem mälim etdi.

Geçen aý Günbatar tarapyndan goldanylan Kabul hökümetiniň synmagyndan we “Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmeginden soň, daşary döwletleriň berýän hemaýaty hem dessine kesildi. Munuň netijesinde, Owganystan gumanitar krizis bilen ýüzbe-ýüz bolmagyň bosagasyna geldi.

Aşa gurak gelen ýyl hem Owganystandaky ýagdaýlaryň agyrlaşmagyna sebäp bolýar.

XS
SM
MD
LG