Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Sebit ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygy geçirildi


Duşuşykda türkmen tarapyna daşary işler ministriň orunbasary Wepa Hajiýewiň wekilçilik etdi.

Ýekşenbe güni Owganystanyň goňşy döwletleriniň bu ýurt boýunça ýörite wekilleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi. Pakistanyň Owganystan boýunça ýörite wekili Mohammad Sadikiň ýolbaşçylygyndaky geçirilen maslahata Hytaýyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdy diýip, Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy türkmen tarapyna daşary işler ministriň orunbasary Wepa Hajiýewiň wekilçilik edendigini, şeýle-de maslahatyň dowamynda Owganystandaky “häzirki ýagdaýlar hem-de halkara bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalary” barada pikir alyşylandygyny mälim etdi.

Maslahatda Türkmenistanyň serhetýaka sebitlerinde ýerleşen owgan welaýatlarynyň ýaşaýjylaryna Türkmenistanyň ynsanperwer hem-de azyk kömegini bermäge hemişe taýýardygy we bu işi dowam edýändigi hem beýan edildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

“Talybanyň” gol astynda Owganystanda adam hukuklarynyň, hususan-da aýallaryň hukuklarynyň ýagdaýy demokratik hökümetlerde alada döredýär.

Türkmen resmileri “Talyban” wekilleri bilen soňky hepdelerde birnäçe gezek duşuşyk geçirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG