Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Talyban” Panjşir jülgesini eýeländigini aýdýar, garşy duruş güýçleri muny ret edýär


Owganystanyň Milli Garşy Duruş güýçleriniň düzümine oppozisiýa toparlary, ýerli ýaraglylar we owgan howpsuzlyk güýçleriniň ozalky agzalary girýär.

“Talyban” Panjşir jülgesini doly gözegçiligine geçirendigini aýdýar. Şol bir wagtda, Owganystanda “Talybana” boýun bolmadyk bu soňky sebitiň garşy duruş güýçleri bu maglumaty ret edýärler.

6-njy sentýabrda Panjşirdäki ýagdaýlary bada-bat tassyklatmak başartmady. Jeňçi topary sebitde telefon, internet aragatnaşygyny, şeýle-de elektrik liniýalaryny kesdi.

Mundan üç hepde töweregi ozal, “Talyban” Owganystanyň aglaba sebitlerini öz gol astyna geçirdi we 15-nji awgustda paýtagt Kabula girdi. Munuň öňýany Günbatar tarapyndan goldanan Kabul hökümeti syndy.

“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid paýtagtdan 100 km demirgazyk-gündogarda ýerleşýän Panjşir jülgesinde Owganystanyň Milli Garşy Duruş güýçleri bilen agyr çaknyşyklaryň bolandygyny aýtdy.

Şol bir wagtda, ol parahat ilatyň arasyndan adam pidalarynyň bolmandygyny we “ýakyn wagtyň içinde” hökümeti yglan etmek planlaryna laýyklykda hereket edýändiklerini aýtdy.

“Bu ýeňiş bilen ýurdumyz urşuň batgasyndan doly çykdy” diýip, Mujahid aýtdy.

Owganystanyň Milli Garşy Duruş güýçleriniň metbugat wekili Maisam Nazari Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde bu maglumatlary ret etdi we Panjşir jülgesinde söweşleriň dowam edýändigini aýtdy. Jülgede 200 müň töweregi adam ýaşaýar.

Toparyň Twitter hasabynda hem “Garşy duruş güýçleriniň jülgäniň ähli strategiki nokatlarynda söweş hereketlerini alyp barýandygy” bellenilýär.

Onda hususan-da “Biz Owganystanyň halkyny [ýurtda] adalat we azatlyk ornaşmaýança ‘Talybana’ we olaryň şäriklerine garşy söweşmegimizi dowam etdirjekdigimizi ynandyrýarys” diýilýär.

Sosial ulgamlarda “Talyban” jeňçileriniň Panjşiriň welaýat häkiminiň Bazarakdaky binasynyň daşynda duran suratlary peýda boldy.

5-nji sentýabrda Owganystanyň Milli Garşy Duruş güýçleriniň başlygy Ahmad Masud Panjşir jülgesindäki çaknyşyklary bes etmek ugrunda dini wekilleriň araçylyk etmegindäki ylalaşygy goldap çykyş etdi. Şeýle-de, ol “Talybana” jülgedäki harby operasiýalaryny togtatmaga çagyrdy.

“Talybandan” bu boýunça häzirlikçe reaksiýa ýok.

5-nji sentýabrda Garşy duruş güýçleri “Talybana” garşy söweşde özüniň belli iki lideriniň, ýagny toparyň metbugat wekili, belli žurnalist Fadim Daştiniň we komandir general Abdul Wudod Zaranyň öldürilendigini hem tassyklady.

Owganystanyň Milli Garşy Duruş güýçleriniň düzümine oppozisiýa toparlary, ýerli ýaraglylar we owgan howpsuzlyk güýçleriniň ozalky agzalary girýär.

Panjşir sowet okupasiýasyna, şeýle-de 1996-2001-nji ýyllarda “Talybanyň” häkimiýetine garşy söweşipdi.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG