Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda "Talybana" garşy çykýanlar Panjşir Jülgesinde türgenleşýärler

Owganystanda "Talybana" garşylyk görkezjekdigini aýdýan söweşijiler jeňçi toparynyň eýelemedik soňky sebitinde söweşe taýýarlyk görýärler. Hindu Kuş daglaryndaky Panjşir Jülgesi garşylygyň belli berkitmesidir. Bu sebit ýüz ýyldan hem aşa wagt bäri dürli basybalyjylaryň okupasiýasyna garşy söweşip gelýär. Regionda esasan etniki täjikler ýaşaýarlar. "Talybanyň" düzümini esasan puştunlar emele getirýär.

Jülgedäki "Talybana" garşy çykýan söweşijileriň arasynda ýerli ýaraglylar we owgan howpsuzlyk güýçleriniň ozalky agzalary hem bar. Olar Ahmad Masudyň ýolbaşçylygyndaky Milli Garşy duruş Frontunyň bir bölegidir. Ahmad Masud 1980-nji we 1990-njy ýyllarda sowetleriň we "Talybanyň" häkimiýetine garşy söweşen, belli kommandir Ahmad Şah Masudyň ogludyr.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG