Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus oppozisiýa wekilleri Kalesnikawa we Znak uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi


Mariýa Kalesnikawa suduň zalynda (arhiw suraty)

Belarus oppozisiýanyň iki sany görnükli wekili, Mariýa Kalesnikawa we Maksim Znak dildüwşük aýyplamalary esasynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.

6-njy sentýabrda sud Kalesnikawany 11 ýyl, Znaky hem 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Olar häkimiýeti ele geçirmek maksady bilen dildüwşüge girmekde, milli howpsuzlygy syndyrmak üçin herekete geçmek boýunça çagyryşlary etmekde, şeýle-de milli howpsuzlygy syndyrmak üçin ekstremistiki topary döretmek synanyşygynda günäli tapyldylar. Oppozisiýanyň utgaşdyryjy geňeşiniň agzalary Kalesnikawa we Znak bu aýyplamalary ret etdiler.

2020-nji ýylyň awgustyndaky prezidentlik saýlawlarynyň dawaly netijelerinden soň, diýdimzor Aleksandr Lukaşenka demokratiýanyň tarapynda çykyş edýän aktiwistleri we toparlary basyp ýatyrmagyny dowam etdirýär.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG