Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Türkmenistanda suwdan peýdalanmagyň gerimi “aýgytly” derejä ýetdi


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda we Özbegistanda suw resurslaryna çenden aşa (100%-den hem köp) agram düşýär diýip, BMG-niň azyk we oba-hojalyk boýunça edarasynyň bilermenleri duýdurýarlar.

Howanyň global ýagdaýda ýylamagy oba hojalygynyň önümçilik ulgamlarynyň suw üpjünçiligine ýaramaz täsir ýetirýär. Dünýäniň köp künjeginde ygalyň mukdary we yzygiderliligi üýtgedi, guraklyk we suw joşmalary köpelýär we netijede suw ýetmezçiligi we suw resurslary ugrunda bäsdeşlik artýar diýip, 26-njy awgustda BMG-niň resmi websaýtynda çap bolan hasabatda aýdylýar.

Maglumata görä, dünýäniň ilatynyň üçden bir bölegi, ýagny 2,3 milliard töweregi adam suw ýetmezçiligini başdan geçirýän döwletlerde ýaşaýar. Şol bir wagtda, dünýä ilatynyň 10%-i, ýagny 733 million adam ýiti suw ýetmezçiliginden kösenýän ýurtlarda ýaşaýar.

Azatlyk Türkmenistanyň dürli künjeklerindäki ýiti suw ýetmezçiligi, munuň adamlaryň gündelik durmuşyna we ýurduň oba-hojalyk pudagyna ýetirýän ýaramaz täsirleri barada dowamly maglumat berip gelýär.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ýiti suw ýetmezçiligi barada çykýan habarlara düşündiriş bermän, azyk howpsuzlygynyň döredilendigini tekrarlap, ýerlere sapar edýän prezidente alkyş aýtmak üçin taýýarlanan adamlaryň çykyşlaryny telewideniýede görkezmek bilen çäklenýärler.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG