Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Özbegistana sapar eder


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew (arhiw suraty)
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew (arhiw suraty)

Türkmenistanyň prezidenti ýakynda Özbegistana sapar eder. Bu barada 6-njy sentýabrda geçirilen Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde mälim edildi, emma saparyň anyk senesi aýdyňlaşdyrylmady.

Maslahatda türkmen-özbek toparynyň ýakynda geçiriljek nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berildi.

TDH-nyň maglumatyna görä, Berdimuhamedow wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe özüniň özbek kärdeşi bilen bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň öňümizdäki hepdede boljak nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler we gazanyljak ylalaşyklar barada pikir alyşmagy we onuň anyk senesini kesgitlemegi tabşyrypdyr.

Berdimuhamedow Özbegistana etjek saparynyň çäginde gazanylan ylalaşyklar boýunça degişli resminamalara hem gol çekiljekdigini aýtdy.

Ýatlatsak, 6-njy awgustda Merkezi Aziýa döwletleriniň liderleriniň “Awazada” geçiren duşuşygyndan soň, özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew özüniň türkmen kärdeşini Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrypdy.

Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň aprelinde Özbegistana döwlet saparyny, şeýle-de 2019-njy ýylyň noýabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň prezidentleriniň ikinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin iş saparyny amala aşyrypdy.

XS
SM
MD
LG