Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Talyban” Panjşirde ýeňiş gazanandygyny öňe sürýär, MGF garşylygyny dowam etdirýändigini aýdýar


Milli Garşylyk Frontunyň (MGF) düzümine oppozisiýa toparlary, ýerli ýaraglylar we owgan howpsuzlyk güýçleriniň ozalky gullukçylary girýär.

“Talyban” Owganystanyň Panjşir jülgesinde ýeňiş gazanandygyny aýtdy. Şol bir wagtda, garşy duruş güýçleriniň lideri “Talybana” garşy “umumylykda baş galdyrmaga” çagyrdy we jeňçileriň häkimiýetine garşy tagallalaryň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid 6-njy sentýabrda metbugat ýygnagyny geçirip, Panjşiriň doly ele geçirilendigini aýtdy we munuň bilen “Talybanyň” ýurdy öz gözegçiligine geçirmek boýunça işleriniň hem tamamlanandygyny belledi.

Milli Garşylyk Frontunyň (MGF) lideri Ahmad Masud özüniň Twitter hasabynda jeňçilere garşy söweşmegini dowam etdirjekdigini aýdyp, ýazgy galdyrdy. Garşy duruş frontunyň düzümine oppozisiýa toparlary, ýerli ýaraglylar we owgan howpsuzlyk güýçleriniň ozalky gullukçylary girýär.

Panjşirdäki bolýan ýagdaýlary garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmaýar. “Talyban” sebitde telefon, internet aragatnaşygyny, şeýle-de elektrik liniýalaryny kesdi.

Mundan öň, Masud audio ýazgy arkaly “watanymyzyň namysy, azatlygy we buýsanjy üçin umumylykda baş götermäge” çagyrdy.

Panjşir paýtagt Kabuldan 100 km demirgazyk-gündogarda, daglyk ýerde ýerleşýär. Ol sowet okupasiýasyna, şeýle-de 1996-2001-nji ýyllarda “Talybanyň” häkimiýetine garşy söweşipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG