Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Blinken hyzmatdaşlar bilen Owganystany maslahat eder, “Talyban” öz hökümetini yglan etdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary antoni Blinken ABŞ-nyň Germaniýadaky howa bazasynda. 8-nji sentýabr, 2021

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken geçen aý “Talybanyň” Owganystanda häkimiýeti ele geçirmegi bilen ýurtdan gaçan onlarça müň owganyň ewakuasiýa edilmegine gatnaşan ýurtlar bilen Germaniýada gepleşik geçirýär. Jeňçi topar esasan özüniň 1990-njy ýyllardaky fundamentalist dolandyryşynyň baýry agzalaryndan hem-de amerikan güýçlerine we onuň ýaranlaryna garşy ýigrimi ýyl dowam eden urşa gatnaşyjylardan ybarat täze hökümetini yglan etdi.

8-nji sentýabrda Blinken ABŞ ýolbaşçylygyndaky köpçülikleýin ewakuasiýa işlerinde iň iri üstaşyr geçelge bolan Katardan ugrap, ikinji iri üstaşyr geçelgä, Germaniýanyň Ramşteýn şäherinde ýerleşýän ABŞ howa bazasyna bardy.

Bu aralykda, Pakistan “sebit durnuklylygyny hem-de abadançylygyny” üpjün etmek üçin we Owganystandaky umumy ýagdaýlary maslahat etmek üçin Owganystanyň goňşulary bolan Hytaý, Eýran, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan daşary işler ministrleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirjegini aýtdy.

“Talybanyň” diňe erkeklerden ybarat täze hökümetine Molla Mohammad Hassan Ahund ýolbaşçylyk edýär. BMG-niň gara sanawyndaky Ahundyň hökümete ýolbaşçylyk etmegi Birleşen Ştatlarda we beýleki ýurtlarda alada döretdi. Wagtlaýyn hökümetiň beýleki bir agzasy, Sirajuddin Hakkani Birleşen Ştatlaryň Federal derňew býurosy (FBI) tarapyndan gözlenilýär.

“Talybanyň” öz hökümetini yglan etmegi 8-nji sentýabrda ýurduň dürli künjeklerinde protest ýörişleri bilen garşy alyndy. Köpler toparyň 1996-2001-nji ýyllar aralygynda azatlyklary we zenan hukuklaryny berk çäklendiren rehimsiz dolandyryşynyň gaýtalanmagyndan alada galýar.

Şeýle ýörişleriň demirgazyk-gündogar Badahşan welaýatynda hem geçirilendigi habar berildi.

Üç hepde töweregi mundan ozal, Kabuldaky Günbatar goldawly hökümetiň çökmeginiň yz ýany, toparyň söweşijileri gysga wagtyň içinde Owganystanda tas doly diýen ýaly gözegçiligi ele geçirdi. Munuň yz ýany, aşa yslamçy topar özleriniň ähli taraplary öz içine alýan hökümet gurmak isleýändiklerini aýtdy.

Owganystanyň täze dolandyryjylary uruşdan ejir çeken ýurtda ykdysadyýeti durnuklylaşdyrmak, gumanitar krizisiň öňüni almak, halkara ykrarnama gazanmak ýaly agyr päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

20 ýurduň ministrleriniň gatnaşmagynda Owganystan boýunça geçiriljek wideokonferensiýanyň öň ýany, Blinken Ramşteýnde Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas bilen duşuşýar.

ABŞ-nyň baş diplomaty geçiriljek duşuşyklarda ýurdy terk etmek isleýän owganlaryň ýurtdan erkin goýberilmegi boýunça “Talybanyň” öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üçin oňa halkara basyş etmek ugrunda goldaw gözlär.

Gepleşiklerde Owganystanyň wagtlaýyn hökümeti bilen nähili gatnaşyk ediljegi hem utgaşdyrylar.

Pakistanyň Daşary işler ministrligi ýurduň baş diplomaty Şah Mahmud Kureýşiniň sebit kärdeşleri bilen Owganystan boýunça geçiriljek mejlise başlyklyk etjekdigini habar berdi. Pakistan Daşary işler ministrligine görä, ýygnakda “güýçli ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda we arabaglanyşyk meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan parahat we durnukly Owganystan boýunça umumy maksat ugrunda bilelikde işlemek” maslahat ediler.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti täze owgan hökümetini özüniň “seljerýändigini” aýdyp, beýanat berdi. “Yglan edilen at sanawy diňe “Talybanyň” agzasy bolan adamlardan, ýa-da olara ýakyn adamlardan düzülýär, sanawda hiç hili aýal ýok” diýip, beýanat aýtdy.

Şeýle-de, beýanat sanawdaky “käbir adamlaryň geçmişine we olaryň arabaglanyşyklaryna” alada bildirdi. “Waşington ‘Talybanyň’ sözüne däl, işine baha berer” diýip, beýanat aýtdy.

Owganystandaky “Talybana” garşy güýçler halkara jemgyýetçiliginden “bikanun” wagtlaýyn hökümeti ykrar etmezligi sorady. Olar “Talybanyň” yglan eden hökümetini “toparyň owgan halkyna garşy duşmançylygynyň aýdyň alamaty” hasaplaýandyklaryny aýtdy.

Milli Garşylyk Fronty wagtlaýyn hökümetiň yglan edilmegini “toparyň owgan halkyna garşy duşmançylygynyň aýdyň alamaty” hasaplaýandygyny aýtdy.

“Talyban” Kabulyň 100 kilometr töweregi demirgazyk-gündogarynda, daglyk ýerde ýerleşýän Panjşir jülgesinde Milli Garşylyk Frontynyň söweşijilerinden özleriniň üstün çykandyklaryny öňe sürýärler. Ýöne hereketiň liderleri söweşiň dowam edýändigini aýdýar.

“Talyban” özüniň garasöýmez ýolbaşçysy Mawlawi Haýbatullah Ahunzadany ýokary lider wezipesine belläp, gyzyletene hökümetiň üstüne din ruhanysy möhrüni basdy. “Talybanyň” öňki dolandyryşynda möhüm wezipelerde işlän Ahund wagtlaýyn premýer-ministr atlandyryldy. Ol jeňçi toparyň egindeş esaslandyryjysydyr we BMG-niň sanksiýa sanawyna girizildi.

Wezipä bellenen ähli agzalar “Talybanyň” hataryndandyr we olaryň ählisiniň din geçmişi bar. Täze hökümetdäki 33 wezipäniň tas ählisine diýen ýaly gelip çykyşy boýunça etniki puştun adamlar bellenildi. Puştunlar ilatyň 40 göterim töweregini düzýär.

“20 ýyl bäri “Talyban” özüniň häkimiýeti 'monopoliýalaşdyrmajakdygy' barada wada berip gelýär. Olar iki ýyl bäri 'ähli taraplary öz içine alýan hökümet' wada berip gelýär” diýip, uruşlaryň öňüni alyjy Halkara krizis toparynyň geňeşçisi Ibrahim Bahis Twitterde ýazgy galdyrdy.

“Meniň bilşime görä, 33 adamyň ählisi “Talyban” agzalary. Olaryň diňe ikisi özbek, biri täjik. Galanlary puştun” diýip, ol aýtdy. “Bu nädip ähli taraplaryň öz içine alyndygy bolýar” diýip, ol belledi.

Hökümetiň yglan edilmeginden sähel salym soňra, Ahundzada beýanat çap etdi, ýöne bu beýannama halkara aladalaryň köşeşdirilmegine onçakly täsir etmedi.

“Men ähli watandaşlarymyzy bu adamlaryň ýurtda yslam düzgünlerini hem-de şerigat kanunlaryny berjaý etmek ugrunda köp işlejekdigine ynandyrýaryn” diýip, Ahundzada aýtdy. Şeýle-de, ol “Talybanyň” “yslan kanunlaryna ters gelmeýän” halkara kanunçylygyna hem-de Owganystanyň halkara şertnamalaryna ygrarly galýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, “Talyban” Ýagşylygy götergilemek we ýamanlygyň öňüni almak ministrliginiň täzeden dikeldilýändigini yglan etdi. Toparyň öňki dolandyryşynda bu ministrlik hereketiň yslam kanunlaryna çäklendiriji düşündirişini ýerine ýetirmedik adamlary tussag etmek we jezalandyrmak işlerinden jogapkärdi.

ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler ýurtdan çekilmäge taýýarlyk görýän mahaly, awgustda heniz “Talyban” Günbatar goldawly hökümeti agdarmazdan ozal hem Owganystan gurakçylyk, göçe-göçlük we gumanitar krizis bilen ýüzbe-ýüz galypdy.

Kabulyň täze hökümdarlary indi içi boşadylan býurokratiýa we barha ýaramazlaşýan ykdysady krizis bilen hem göreşmeli bolýarlar. “Talyban” ýurtda gözegçiligi ele geçirenden soň, Owganystanyň merkezi bankynyň ätiýaçlyklary we halkara ýardamlaryň aglabasy doňduryldy.

Günbatar ýurtlary özleriniň Owganystana gumanitar ýardam ibermäge taýýardyklaryny, ýöne öňki hökümete goltgy beren giň ykdysady gatnaşygyň “Talybanyň” hereketlerine baglydygyny aýdýarlar.

8-nji sentýabrda Kataryň daşary işler ministriniň orunbasary Lolwah al-Hater “Talybanyň” köp pragmatizm görkezendigini we olaryň özüni alyp barşyna görä baha berilmelidigini aýtdy.

“Olar ‘de fakto’ dolandyryjylardyr, bu barada hiç hili sorag ýok” diýip, Hater AFP habar agentligine aýtdy. Ýöne ol Owganystanyň täze dolandyryjylaryny resmi taýdan ykrar etmekden saklandy.

“Açyk we inklýuziw hökümetiň” esaslandyrylmagyna çagyran Hytaý Pekiniň Owganystandaky täze dolandyryjylar bilen aragatnaşyk saklamaga taýýardygyny aýtdy.

Öňden bäri “Talybany” goldaýan hasaplanýan Yslamabat heniz wagtlaýyn owgan hökümetiniň döredilmegi barada kommentariý bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG