Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Talyban” Panjşirde ýeňiş gazanandygyny öňe sürýär, MGF garşylygyny dowam etdirýändigini aýdýar


“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid

“Talyban” Owganystanyň Panjşir jülgesinde ýeňiş gazanandygyny aýtdy. Şol bir wagtda, garşy duruş güýçleriniň lideri “Talybana” garşy “umumylykda baş galdyrmaga” çagyrdy we jeňçileriň häkimiýetine garşy tagallalaryň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid 6-njy sentýabrda metbugat ýygnagyny geçirip, Panjşiriň doly ele geçirilendigini aýtdy we munuň bilen “Talybanyň” ýurdy öz gözegçiligine geçirmek boýunça işleriniň hem tamamlanandygyny belledi.

Mujahid toparyň ýakynda täze hökümeti yglan etjekdigini hem mälim etdi. Ol Panjşiriň ilatyna “gyýa bakylmajakdygyny” hem öňe sürdi.

Milli Garşylyk Frontunyň (MGF) lideri Ahmad Masud özüniň Twitter hasabynda jeňçilere garşy söweşmegini dowam etdirjekdigini aýdyp, ýazgy galdyrdy. Garşy duruş frontunyň düzümine oppozisiýa toparlary, ýerli ýaraglylar we owgan howpsuzlyk güýçleriniň ozalky gullukçylary girýär.

“Biz Panjşirde we biziň Garşylygymyz dowam eder” diýip, Ahmad Masud Twitter hasabynda belledi. Ol häzir anyk nirededigini aýdyňlaşdyrman, özüniň howpsuz ýagdaýdadygyny aýtdy.

Masud geçen hepde “Talybanyň” basyp alan ýerleriniň 70%-niň garşy duruş güýçleri tarapyndan “bir sagadyň içinde” yzyna alnandygyny hem belledi.

Panjşirdäki bolýan ýagdaýlary garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmaýar. “Talyban” sebitde telefon, internet aragatnaşygyny, şeýle-de elektrik liniýalaryny kesdi.

Mundan öň, Masud audio ýazgy arkaly “watanymyzyň namysy, azatlygy we buýsanjy üçin umumylykda baş götermäge” çagyrdy. Ol owganlaryň islendik görnüşde, ýagny eline ýarag alyp ýa-da protestler arkaly hem söweşip biljekdiklerini belledi.

Panjşir paýtagt Kabuldan 100 km demirgazyk-gündogarda, daglyk ýerde ýerleşýär. Sebitde 200 müň töweregi adam ýaşaýar. Ol sowet okupasiýasyna, şeýle-de 1996-2001-nji ýyllarda “Talybanyň” häkimiýetine garşy söweşipdi.

Bu aralykda, 7-nji sentýabrda paýtagt Kabulda “Talyban” jeňçileri ýaraglardan howa atyp, Pakistanyň Owganystanyň içerki işlerine gatyşýandygyny aýdyp, proteste çykan onlarça adamy dargatdylar. Tolo habarlar gullugy atylýan oklardan gaçyp barýan adamlaryň wideo ýazgylaryny görkezdi. Adam ýitgileri baradaky maglumatlar belli däl. Demonstrantlar, aglaba aýallar Pakistanyň Kabuldaky ilçihanasynyň daşynda ýygnanypdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG