Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BMG Owganystan üçin $600 million toplamagy maksat edinýär


BMG-niň maglumatyna görä, geçen aý “Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmeginden ozalam Owganystanyň ilatynyň ýarpysyndan gowragy hemaýata garaşly ýagdaýda ýaşaýardy. (illýustrasiýa suraty)

Birleşen Milletler Guramasy Owganystanda “Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmeginden soň, ýurduň gumanitar krizise uçrap biljekdigi baradaky aladalaryň arasynda, Owganystan üçin 600 million dollar möçberinde hemaýaty gazanmak üçin, 13-nji sentýabrda hemaýat beriş konferensiýasyny geçirýär.

Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki konferensiýa BMG-niň baş sekretary Antonia Guterresiň we beýleki ýokary derejeli resmileriň, şeýle-de 40-a golaý ministrleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Beýleki resmileriň maslahata onlaýn ýagdaýda gatnaşjakdygy bellenilýär.

BMG-niň maglumatyna görä, geçen aý “Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmeginden ozalam ýurduň ilatynyň ýarpysyndan gowragy hemaýata garaşly ýagdaýda ýaşaýardy.

Guraklyk, şeýle-de pul we azyk ýetmezçiligi ýagdaýlaryň has hem ýaramazlaşmagyna getirip biler diýip, BMG resmileri we hemaýat beriş toparlary duýdurýarlar.

Bütindünýä Azyk Programmasynyň (WFP) regional direktorynyň orunbasary Anthea Webb hemaýat beriş guramalarynyň mätäçlik çekýän owganlara zerur hemaýaty ýetirip bilmek üçin wagt hem-de gar bilen bäsleşmeli bolýandyklaryny aýtdy.

“Biz azyk gorlarynyň boşap galmagynyň öňüni aljak bolup, sözüň doly manysynda ýalbarýarys we karz alýarys” diýip, Webb belledi.

Ýygnamagy göz öňünde tutulýan serişdeleriň üçden bir bölegi BMG-niň özi tarapyndan ulanylar. Maliýe serişdeleri aýallary, çagalary goldamaga, şeýle-de bilim bilen bagly proýektleri esaslandyrmaga hem niýetlenendir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG