Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalny “Time” žurnalynyň “Iň täsirli 100 adamynyň” biri boldy


Berlin. Protestçi rus prezidenti Wladimir Putiniň portretini dikbaşak tutup, Alekseý Nawalnynyň azat edilmegine çagyrýar.
Berlin. Protestçi rus prezidenti Wladimir Putiniň portretini dikbaşak tutup, Alekseý Nawalnynyň azat edilmegine çagyrýar.

Türmede oturan rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny “Time” žurnalynyň ýyllyk sanawyna girizilip, “2021-nji ýylyň iň täsirli 100 adamynyň” biri boldy.

Nawalny sanawda iňlis şazadasy Garri we onuň aýaly Meghan, amerikan pop ýyldyzy Britni Spirs, eýranly aklawçy we hukuk aktiwisti Nasrin Sotoudeh we koreý-amerikan şahyry Käsi Park Hong ýaly meşhur adamlaryň hatarynda goýuldy.

Žurnalda Nawalny barada çap edilen makalany küşt ussady we bosgunlykda ýaşaýan rus oppozisiýa wekili Garri Kasparow ýazypdyr.

Ol Nawalnynyň şu ýylyň ýanwarynda Germaniýada zäherlenmeden saplanyp, Orsýete dolanyp gelmek bilen, "göz öňüne getirip bolmajak" iş edendigini aýdýar.

Nawalny özüniň rus howpsuzlyk agentleri tarapyndan, awtoritar prezident Wladimir Putiniň emri astynda, jana howp zalýan zäher bilen zäherlenendigini aýdýar.

Kasparow Nawalnyny "ýalňyz gorkusyz adam" diýip atlandyrdy. Bu ýyl iň täsirli adamlaryň sanawyna goşulmadyk Putin 2007-nji ýylda “Time” žurnaly tarapyndan ýylyň şahsyýeti diýlip atlandyryldy.

XS
SM
MD
LG