Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň we Hytaýyň ýolbaşçylygyndaky howpsuzlyk guramalary Owganystany maslahatlaşýar


KHŞG ýurtlary bolan Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň liderleri Duşenbede maslahat geçirýär. 16-njy sentýabr, 2021.
KHŞG ýurtlary bolan Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň liderleri Duşenbede maslahat geçirýär. 16-njy sentýabr, 2021.

Russiýanyň we Hytaýyň ýolbaşçylygyndaky iki sebitara howpsuzlyk guramasy şu hepde, “Talyban” häkimiýeti ele geçirenden bir aý soň, Owganystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin täjik paýtagtynda aýry-aýry duşuşyk geçirmäge taýýarlanýar.

ABŞ-nyň Owganystandaky 20 ýyllyk harby missiýasynyň aýagynda Kabulyň günbatar tarapyndan goldanýan hökümetiniň birden çagşamagy netijesinde, Moskwa bilen Pekiniň sebitde esasy oýunçylara öwrülmek synanyşyklarynyň arasynda, Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHŞG) 16-njy sentýabrda başlan iki günlük ýygnagy, bir gün soň, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) ýygnagy bilen utgaşar.

Iki topar hem Moskwanyň we Pekiniň ABŞ-nyň bu sebitdäki geosyýasy agalygyna garşy durmagy bilen baglanyşdyrylýar. KHŞG agzalary bolan Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň liderleri Duşenbede diplomatik gepleşiklere başlady.

“Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmegi bilen, Owganystan süýşüp gelýän uly gumanitar krizis bilen ýüzbe-ýüz boldy we, Owganystanyň Merkezi Aziýadaky goňşulary uruşdan tozan ýurtdan abanýan howp-hatarlarlardan, on müňlerçe bosgunyň serhetden aşmak ähtimallydygyndan ätiýaç edýärler.

KHŞG-nyň baş sekretary Stanislaw Zas 15-nji sentýabrda geçirilen mejlisde Täjigistan-Owganystan serhedindäki ýagdaýyň "amatsyzdygyny" boýun aldy we Duşenbäniň günortadan abanyp biljek ähli howpa garşy durup bilmegi üçin "ähli zerur harby we harby-tehniki kömek" bilen üpjün ediljekdigini aýtdy.

Liderler "KHŞG-nyň günorta serhetlerini berkitmek, guramanyň giňişliginde bolup biljek howplaryň derejesini peseltmek, olary zyýansyzlandyrmak maksady bilen görülmeli çäreler toplumyny meýilleşdirmegi we durmuşa geçirmegi dowam etdirmek barada ylalaşdy" diýip, TASS Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň gepleşiklerden soň aýdan sözlerine salgylanyp habar berdi.

Şu aralykda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň edarasy onuň "Owgan bosgunlaryny ýa-da daşary ýurt harby bazalaryny biziň ýurtlarymyzyň çäginde ýerleşdirip bolmajakdygy baradaky bilelikdäki KHŞG pozisiýasyny goldaýandygyny" aýtdy.

Howpsuzlyk toparlanyşygy soňky hepdelerde bolup biljek kynçylyklara taýýarlyk görmek üçin Gyrgyzystanda harby türgenleşik geçirdi.

KHŞG oktýabr aýynda täjik-owgan serhedine ýakyn ýerlerde ýene üç sany harby türgenleşigi meýilleşdirdi, dördünji harby türgenleşik noýabr aýynda geçirilmeli edildi.

Russiýanyň öňki sowet respublikalary bolan Täjigistanda we Gyrgyzystanda harby bazalary bar.

Sekiz agzaly ŞHG-nyň ýolbaşçylary bolsa, Duşenbe şäherinde gepleşik geçirmek üçin 17-nji sentýabrda duşuşar.

2001-nji ýylda döredilen ŞHG ilkibaşda Hytaýdan, Russiýadan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Täjigistandan we Özbegistandan ybaratdy. 2017-nji ýylda bu gurama Hindistan we Pakistan hem goşuldy.

Ýakyn töwereginde koronawirus synaglary oňyn netije görkezen birnäçe adam bilen eden gatnaşygy sebäpli bütin gün özüni çetleşdiren Putin bu iki sammite gatnaşmak planyny ýatyrdy.

Hytaýyň prezidenti Si Szinpin we Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi hem ŞHG-nyň mejlisine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşar.

ŞHG-nyň synçy agzasy bolan Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisiniň hem 17-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde geçýän duşuşyga goşulmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ŞHG sammitine myhman hökmünde gatnaşmagyna garaşylýar. Berdimuhamedow mundan ozal iki gezek - 2007-nji we 2016-njy ýyllarda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşdy.

Owganystan hem ŞHG-da synçy statusyna eýe, ýöne Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 15-nji sentýabrda “Talybanyň” Täjigistanyň paýtagtynda geçiriljek duşuşyga synçy bolmaga çagyrylmandygyny aýtdy.

"Talybany” doly ykrar etmäge hiç kim gyssanmaýar" diýip, Lawrow aýtdy.

Berk yslamçy topar ozalky garşydaşlaryna hem öz içine alyjy hökümet gurmak we umumy amnistiýa wadasyny berdi, emma köp owganly, hususan-da bu topar weteranlaryň ýolbaşçylygynda, ählisi erkeklerden durýan hökümet gurup, demonstrasiýalary gadagan edip, protestçileri we žurnalistleri basyp ýatyranyndan soň, gaty howatyrlanýar.

Lawrow “Talybanyň” neşe gaçakçylygynyň we beýleki ýurtlara hüjüm edilmeginiň öňüni almak ýaly birnäçe wadasyny "goldaýandygyny" aýtdy, ýöne "Biz indi munuň iş ýüzünde nähili ýerine ýetiriljekdigine gözegçilik edýäris" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG