Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ruslar koronawirus, korrupsiýa (we Putin) aladalarynyň arasynda ses berýär


Goranmak ministri Sergeý Şoýgu ses berýär. Moskwa, 17-nji sentýabr, 2021
Goranmak ministri Sergeý Şoýgu ses berýär. Moskwa, 17-nji sentýabr, 2021

Ruslar üç gün dowam etjek parlament saýlawynda ses berip başladylar, onda, kreml tankytçylary basylyp ýatyrylandan soň, prezident Wladimir Putin tarapyndan goldanýan dolandyryjy partiýanyň, “Bitewi Russiýanyň” wekilleriniň öňe saýlanmagyna garaşylýar.

11 wagt zolagyny öz içine alýan giň ýurduň Uzak Gündogar ülkesinde ýaşaýan ruslar 17-nji sentýabrda irden, moskwalylaryň uklap ýatan wagtynda ses bermäge başladylar.

Mejlisiň aşaky palatasyndaky ýa-da Döwlet dumasyndaky 450 ornuň ählisi 17-19-njy sentýabr aralygynda geçiriljek saýlawda bäsleşige goýulýar. Duma saýlawyndan başga-da, onlarça sebitde ýerli saýlawlar, şol sanda sebit ýygnaklary we gubernator saýlawlary geçirilýär.

Deslapky netijeleriň 19-njy sentýabrda, ses berişlik tamamlanandan gysga wagt soň yglan edilmegine garaşylýar.

Häkimiýetler saýlawyň iň uly täzeliginiň: tussagda oturan ýerinde hem korrupsiýa garşy göreşýän Alekseý Nawalny tarapyndan goldanýan, Bitewi Russiýanyň milli syýasatdaky direg-daýançlaryny ýok etjek bolýan “Akylly ses beriş” başlangyjynyň hem öňüni baglamak çärelerini gördi.

Ses berişligiň başlanmagy bilen, Alekseý Nawalnynyň “Akylly ses beriş” programmasy Apple we Google läňeňleriniň onlaýn dükanlaryndan ýitirim boldy. Tussaglykdaky oppozisioneriň ýoldaşlary muny “ägirt uly senzura hereketi” hökmünde häsiýetlendirdi.

ABŞ-nyň tehnologiýa ägirtleriniň hiç biri bu habara bada-bat düşündiriş bermedi.
Nawalnynyň başga bir ýakyn egindeşi Iwan Ždanow bu programmany eýýäm öz enjamlaryna ýüklän saýlawçylary ulgamyň maslahat berýän dalaşgärleri baradaky maglumatlary beýlekiler bilen paýlaşmaga çagyrdy.

Nawalnynyň topary bu programmany oppozisiýa we garaşsyz metbugata edilýän görlüp-eşidilmedik basyş wagtynda, Kreml tarapyndan goldanýan Bitewi Russiýa partiýasynyň dalaşgarlerinden beýleki dalaşgärleri öňe sürmek üçin ulandy.

Saýlaw resmileri, adamlaryň köp bolup bir ýere toplanmagynyň öňüni almak üçin, ses berişligiň üç günüň dowamynda geçirilmelidigini aýtdylar. Dünýäde sanjymy tassyklan ilkinji ýurtdygyna garamazdan, COVID-19 pandemiýasy Russiýany ber-başagaý etdi.

Oppozisiýa aktiwistleri we käbir liberal kanun çykaryjylar bu çäräni Kremliň Bitewi Russiýanyň saýlawda aglaba köplügi gazanmak mümkinçiligini ulaltmak üçin, ses berişlige täsir ýetirjek bolup ulanýan manipulýasiýa tagallalarynyň bir bölegi hasaplaýarlar.

Garaşsyz Lewada merkeziniň saýlawdan öň geçirilen pikir soramalary ruslaryň köpüsiniň Dumanyň işinden nägileligini görkezýär. Pikir soramalary resmi taýdan garaşsyz, emma hakykatda Kremliň we güýçli prezident administrasiýasynyň görkezmesi bilen işleýän “Bitewi Russiýanyň” hasam ýigrenilýändigini görkezýär.

“Bitewi Russiýa” palatada ýokary köplügi saklaýar, ýöne ol häzir soňky 2 onýyllykda iň pes meşhurlyk derejesine düşdi. Munuň tersine, bu partiýanyň agzasy bolmadyk Putiniň goldawy 60 göterim töwereginde saklanýar we onuň häzirlikçe hakyky syýasy bäsdeşi ýok diýlip hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG