Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetliler parlament saýlawlarynyň ikinji gününe girdi. Sesleriň 'görülmedik derejede' galplaşdyrylýandygy aýdylýar


 Ýerli saýlaw komitetiniň işgäri egni gapyrjakly ses berijileriň öýlerine aýlanýar.
Ýerli saýlaw komitetiniň işgäri egni gapyrjakly ses berijileriň öýlerine aýlanýar.

Oppozisiýa programmasynyň çäklendirilmegi bilen, Orsýetde pandemiýa aladalary sebäpli üç günüň dowamynda geçirilýän parlamant saýlawlary ikinji gününe girdi, adamlaryň ses bermäge mejbur edilýändigi habar berilýär, sosial ulgamlarda saýlaw galplyklaryny görkezýän wideolar peýda bolýar.

Orsýetde geçýän parlament saýlawlarynyň ikinji güni giň ýaýran saýlaw galplyklary baradaky aýyplamalar bilen başlandy.

Garaşsyz “Golos” saýlaw gözegçilik topary ses berişligiň ilkinji güni sesleriň satyn alynýandygyny görkezýän 2000 töweregi prosessual düzgün bozmany hasaba aldy.

Golosyň maglumatyna görä, ýuniformaly adamlaryň saýlaw uçastoklaryna köpçülikleýin gelmegi hökümetiň dolandyryjy partiýanyň ýeňşini üpjün etmek üçin döwlet işgärlerini mobilizleýändigini görkezýär. Adamlaryň gaýtalap, birnäçe gezek ses berendikleri, şeýle-de saýlaw býulletenleriniň toplanyp atylýandygy barada onlarça maglumat bar.

Ses berýän harbylar
Ses berýän harbylar

Syýasy analitik Andras Toth-Czifra twit ýazyp, ses berilýän çelekleriň toplanyp atylýan býulletenller bilen doldurylýandygyny görkezýän “hakykatdanam haýran galdyryjy möçberleriň” peýda bolandygyny aýtdy we, “Bu saýlawyň ilkinji güni, onlaýn galplyklary hem bolar, ýöne olar göze hem görünmeýär (öňki tejribelere esaslansaň, onuň bolmagy örän ähtimal)” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Orsýetliler oppozisiýanyň "akylly ses beriş" programmasynyň häkimiýetleriň basyşlary netijesinde "Google" we "Apple" kompaniýalarynyň onlaýn dükanlaryndan aýrylmagy bilen başlanan ses berişligiň ikinji gününe girdiler.

Häkimiýetleriň başga pikirlileri basyp ýatyrmak üçin gören gazaply çäreleriniň çäginde kreml tankytçylarynyň bäsleşikden çetleşdirilmegi we garaşsyz medianyň berk gysylmagy netijesinde geçirilýän parlament saýlawlarynda Kreml tarapyndan goldanýan dolandyryjy partiýanyň, "Bitewi Russiýanyň" ýeňiş gazanmagyna garaşylýar.

17-nji sentýabrda başlanan ses berişlik bilen, tussag edilen oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň “Akylly ses beriş” programmasy “Apple” we “Google” kompaniýalarynyň onlaýn dükanlaryndan ýitirim boldy we korrupsiýa garşy göreşijiniň egindeşleri bu çäräni senzura we basyşa boýun egmek hökmünde häsiýetlendirdi.

Nawalnynyň topary bu guraly prezident Wladimir Putine garşy çykýan saýlawçylaryň "Bitewi Russiýa" kandidatyny ýeňmek üçin iň gowy mümkinçiligi bolan kandidatlary, hatda şol alternatiw kandidatlar beýleki esasy syýasy partiýalaryň birinden bolsa-da, kesgitläp bilmekleri üçin öňe sürdi.

Nawalnynyň programmasynyň aýrylmagy dolandyryjy partiýanyň administratiw serişdeleri ulanyp, döwlet işgärlerini we harby gullukçylary saýlawyň ilkinji gününde ses bermäge mejbur eden ýaly görünmegi bilen utgaşdy.

Kazan. Ses berişlik dowam edýär.
Kazan. Ses berişlik dowam edýär.

Şu aralykda meşhur habarlaşma programmasy bolan “Telegramyň” hem Russiýanyň saýlaw kampaniýasynda ulanylan ähli söhbetdeşlik botlaryny togtadýandygy mälim boldy. Bu tussaglykdaky oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň “Akylly ses berişlik” başlangyjynyň Saýlawlar boýunça gollanmasynyň “Apple” we “Google” kompaniýalarynyň onlaýn dükanlaryndan aýrylmagyndan soň urlan goşmaça zarba boldy.

"Telegramyň” esaslandyryjysy Pawel Durow 17-nji sentýabrda, ýarygijeden sähel öň, bu gullugyň Russiýanyň "saýlaw ümsümligine", saýlaw wagtynda beýleki ýurtlarda hem kampaniýalary gadagan edýän kanunlara eýerjekdigini aýtdy.

"Biz bu tejribäni kanuny hasaplaýarys... we saýlaw kampaniýalary bilen baglanyşykly botlaryň işlemegini çäklendirmegi meýilleşdirýäris" diýip, dünýäniň iň meşhur habarlaşma programmalarynyň biriniň rus esaslandyryjysy aýtdy.

XS
SM
MD
LG